Ajy narpyz — boýy 60 — 80 sm bolan köp ýyllyk otjumak ösümlikdir. Onuň ýaýraň ýerleşen, dik ösýän 4 granly baldaklary çalymtyl ýaşyl reňkli bolýar. Ýapragy garamtyl ýaşyl reňkli, sapakly bolup ujy ýiti, uzynrak, gyrasyda dişlenendir.
Ýapraklarynyň iki tarapy hem efir ýagyny saklaýan nem bilen örtülendir. Şonuň üçin örän ýakymly ysly bolýar. Gülleri baş şekilindäki gül çogdamyna ýygnalandyr. Narpyzyň gülleri örän owadan gyzgylt reňkde bolup,ýalymly yslydyr. Ajy narpyzyň miwesine goza diýip at berilýär. Ol 4 sany garamtyl goňur hozjagazlardan durýar. Ajy narpyz maý aýynyň aýagyndan başlap tä sentýabr aýyna çenli gülleýär. Narpyzyň dermanlyk häsiýetleri örän ir döwürlerden bellidir. Oňa «Ýüregiň damarlaryny janlandyrýan ösümlik» hem diýýärler. Derman serişdesi hökmünde narpyzyň esasan ýapragy, gök oty peýdalanylýar. Narpyzyň ýapragynda 1-3% efir ýagy bolup, onuň 40-70%-ni mentol düzýär. Mentol sözi narpyzyň «Mentha» diýen latyn adyndan alnypdyr.
Narpyzyň ýapragyndan alynýan efir ýagynda menton, apinen, Bpinen, limonen, dipenten, karotin, gesperidin, betain, ursol, oleonol kislotalary we fawonoidler bar. Olardan hem başga ýapragynda eýmaddasy, dürli mikroelementler (mis, marganes, stronsiý we beýlekiler) saklanýar. Efir ýagy narpyzyň diňe ýapraklarynda däl,ähli organlarynda hem bardyr. Dermanlyk üçin narpyzyň ýapragyny gülläp başlan döwri, günüň birinji ýarymynda, efir ýagynyň has köp toplanýan wagty ýygnalýar. Halk lukmançylygynda narpyzyň ýapragyndan alynýan dermanlyk serişde öt çykaryjy, derlediji hökmünde ulanylýar. Narpyzyň otundan alynan şiresini sirkä garyp gan gitmäniň öňüni almakda, bala garylan şiresini bolsa gulak agyryny aýyrmakda ulanylýar. Dag narpyzy agza düşýän ýaralary bejermekde örän ähmiýetli. Ylmy lukmançylykda narpyzyň ýapragyndan alynýan dermanlar sowuklama garşy, bakteriýalary öldüriji serişde hökmünde ulanylýar. Farmasewtikada narpyzyň düzümindäki mentoldan dürli derman serişdeleri taýýarlanylýar. Mentol gan damarlaryny giňeltmekde,stenokardiýada,gan damarlarynda gatama dörände ony ýumşatmak üçin, ukusyzlykda rahatlandyryjy hökmünde ulanylýar. Narpyzyň ýagynyň bokurdak sowuklanda ingalýasiýa etmekde ähmiýeti uludyr.
Halmyradow Orazmyrat
Türkmen Ona hojalyk institutynyň Weterenar lukmançylygy fakultetiniň
1-nji ýyl talyby