Anis — Pimpinella anisum L. – Seldereýler — Apiaceae maşgalasyna degişli bolan birýyllyk ýyllyk ösümlikdir. Anisiň kök ulgamy ok şekilli, oňat ösen. Baldagy dik ösýän, ýokary şahalanan, beýikligi 40-60 sm. Ýapraklary nobatlaýyn: aşaky uzyn sapaklarynda, tegelek ýa-da böwrek şekilli; gysga uzynlykdaky orta sapaklarynda üçem şekilli; ýokarkyda oturan, çyzykly ülüşlere güýçli bölünen bolýar. Gül çogdumy çylşyrymly saýawan, gülleri ownuk, ak bolýar. Goşa çigitli, ýumurtga ýa-da armyt şekilli miwesi iki sany bir tohumly döwülmeýän ýaşyl-çal miwejiklerden ybarat. Miweleri gysga tüýjagazlar bilen örtülen, olaryň ýakymly tagama eýe bolan efir ýagly kanallar ýerleşýän köp gapyrgalary hem bolýar. 1000 tohumyň agramy 3,5-4 gr.
Anis (ganus) 2-4% efir ýagyny we 18-22% doýan ýagy özünde saklaýan tohumlary almak üçin ösdürilip ýetişdirilýän gymmatly ösümlikdir. Efir ýagynyň esasy düzüm bölegi parfýumeriýada, derman we azyk senagatlarynda giňden ulanylýan anetoldan ybaratdyr. Doýan ýagy reňk önümçiliginde ulanylýar. Anis tohumy çörek bişirmekde, konserwirlenen we konditer önümlerinde ulanylýar. Anis künjarasy süýt berýän mallar we guşlar üçin oňat konsentrirlenen iýmitdir. 100 kg künjaranyň iýmit birligi 85-e deň. Anisiň watany Kiçi Aziýada hasaplanýar. Ol Aziýanyň we Ýewropanyň köp ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Anis ýylylygy has köp talap edýär. Ösümlikleriň ösmegi we boý almagy üçin iň amatly temperatura 24-25°C hasaplanýar. Anis ýagtylygy söýüji — fotofil ösümlikdir. Onuň üçin gurply gara topraklar has ýaramly hasaplanýar.
Anisiň ösüş döwri: 120-130 gün.
Sortlary: Alekseýewskiý 38, Ýerli, Alekseýewskiý 334.
Gülruh BEKIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby