Alymlar tarapyndan döredilen täsin açyş Antarktidanyň gadymy ekosistemasyna ýagtylyk berýär. Bu yklymda ilkinji gezek ýaşy 92 million ýyl diýlip çaklanylýan ýantar tapyldy. Bu açyş, Polarstern ekspedisiýasy wagtynda Amundsen deňzindäki Paýn-Aýlend sebitinde edildi. Netijeler “Antarctic Science” žurnalynda çap edildi.
Paýn-Aýlend diýlip atlandyrylýan bu ýantar, Antarktidanyň orta batgalyk tokaýlary bilen ýaprakly agaçlar bilen örtülen hek döwründe döräpdir. Derňew, ýantaryň ýokary hilini görkezýän agaç gabygy galyndylarynyň bardygyny görkezdi. Şeýle hem ylmy-barlag topary, agaçlaryň zeper ýeten gabygyny parazitlerden we ýangyndan goramak üçin ulanylýan smolanyň bölünip çykyş alamatlaryny tapdylar.
Gözlegiň esasy awtory Bremen uniwersitetinden doktor Ýohan Klages: “Bu, Antarktidanyň ekosistemasynyň hek döwründe nähili bolandygyna düşünmek üçin mozaýkanyň bir bölegi”-diýdi. Alymlar gadymy durmuşyň yzlaryny tapmak üçin ýantardaky goşundylary öwrenmegi, şeýle hem tokaýlaryň millionlarça ýyl ozal howanyň we daşky gurşawyň özara täsirini öwrenmegi meýilleşdirýärler.
Tapyndy, Ýer kontinentleriniň hemmesinde bir wagtlar smola bölüp çykarýan agaçlaryň ösmegi üçin amatly howa şertleriniň bardygyny tassyklaýar. Bu açyş, alymlara Antarktidanyň gadymy tokaýlarynyň taryhyny, ýangynyň we beýleki betbagtçylyklaryň yklymdaky täsirini has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berer.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby