Antarktidada 2,8 km çuňlukdan bir million ýyldan gowrak wagt bäri emele gelen buz bölegi tapyldy.
Antarktidada alymlar 2,8 km çuňlukdan gadymy buz bölegini çykardylar. Bu barada Ýewropa Komissiýasy tarapyndan hemaýatkärlik edilýän “Beyond Epica” atly ylmy taslamanyň web sahypasynda habar berildi. Dört ýyllap geçirilen burawdan soň, gözlegçiler Antarktidanyň buz örtüginiň aşagyndaky bir bölegi çykarmagy başardylar, onda “1,2 million ýyldan gowrak köne parnik gazlaryny öz içine alýan köne howanyň arassa nusgalaryny” tapmagy umyt edýärler. Alymlaryň pikiriçe, buz bölegi Ýeriň howasynyň we atmosferasynyň taryhy barada möhüm maglumatlary açar. Häzirki wagtda ol infragyzyl lampalaryň aşagynda barlanýar. “Beyond Epica” taslamasyna EUB-ne agza 10 ýurtdan 12 ylmy institutyň wekilleri gatnaşýar. Howanyň alymlary gadymy buz böleginiň uglerod aýlawy bilen Ýeriň temperaturasynyň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykarmaga kömek edip biljekdigine ynanýarlar.
Ondan öň Antarktidanyň suwlarynda plastik galyndylara esaslanýan ekosistema tapyldy. Alymlar plastmassanyň E. coli we antibiotiklere durnukly bakteriýalar ýaly howply patogenleriň ösmegine mümkinçilik berýändigini bellediler.
Nuraly Altyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby



