Anýutiniň gözjagazlary, fialka-Viola. Ýere ýazylyp ýaşyl düşek emele getirip çalt ösýärler. Gülleýän döwründe näzijek güljagazlary bilen ýeriň üsti örtülýär. Güljagazlary uly däl, 1,5-3 sm çenli. Aprel, maý aýlarynda birinji gezek, ikinji gezek bolsa, güýz aýlarynda gülleýär.
Ýapraklary açyk ýaşyl, ýürek şekilli. Ösümligiň beýikligi sortuna we görnüşine baglylykda 15-25 sm çenli bolýar. Ýagty ýa-da ýarym kölegeli ýyly ýerlerde, ýeňil mes topraklarda gowy ösýär. Fialkalar ýygy-ýygydan degilmegini halamaýarlar, 3-4 ýyldan bir gezek düýplerini bölmek arkaly köpeldilýär ýa-da täze ýygnalan tohumlary ekilýär. Toparlaýyn ekmek üçin, ýere ýazylyp ösýän owadan düşek hökmünde ulanylýar.
Peýdasy: Anýutiniň gözjagazlary gan damarlaryny giňeldýär, ýürek ritmini durnuklaşdyrýar we aşgazan-içege ulgamynyň işini kadalaşdyrýar. Sowuklamalardan gutulmagy çaltlaşdyrýarlar, şeýle hem dümewden soň köp kynçylyklaryň öňüni almaga kömek edýär. Bezeg bagçylykda hem giňden ulanylýar.
Aýjahan Rejepowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby