Atgulak (Plantago), ol boýy 5-50 sm aralygynda bolan birýyllyk we köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Ýurdumyzyň çäginde atgulagyň 10 sany görnüşi ösýär. Şolaryň arasynda giňden ýaýrany uly atgulakdyr. Ol boýy 30-50sm baran köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Baldagy gysgalan, ýasy, ýumurtga şekilli bolýar. Ýapraklary ýeriň ýüzüne ýazylyp ösýär. Gülleri gül göteriji baldagynyň ujunda ýygnalan. Aprel aýy käte maýda gülleýär we iýun sentýabr aýlarynyň aralygynda miweleýär.
Atgulak iň bir gadymdan bäri ulanylyp gelinýän dermanlyk ösümlikdir. Onuň ýapragynda 10% çenli nemli glikozid, karotin, askorbin kislatasy, beloklar, K witamini hem bardyr. Barlaglaryň görkezişi ýaly, atgulagyň ýapragy organizmde madda çalşygyna işjeň täsir edýän we dürli iriňli ýaralary bejermekde ulanylýan maddalary saklaýar. Onuň ter ýapraklaryndan alynýan şire we preparatlar dürli kesel ýaýradyjy bakteriýalary öldürýär, ýaralary tiz arassalaýar we sowuklamany aýyrýar.
Atgulagyň şiresini bitmesi kyn ýaralary bejermek üçin ir wagtlardan bäri ulanylýar. Ondan alynýar preparatlar aşgazanda we içegede döreýän ýaralary bejermekde, gaýnadylyp alnan suwy ganly içgeçmä garşy peýdalanylýar. Atgulagyň suwda gaýnadylan şiresi aşgazan asty mäziň bölüp çykarýan sindiriji suwuklygyny kadalaşdyrýar. Fransiýada onuň ýapragynyň şiresi ganly içgeçmä, böwrek we inçe kesellere garşy peýdalanylýar. Hytaý lukmançylygynda atgulagyň ter ýapragyny gan duruzyjy, ýara bitiriji, peşew çykarmaga ulanylýar. Onuň tohumy bolsa süýji keselini sowuklamany, göz agyryny bejermekde giňden paýdalanylýar. Halk lukmançylygynda ir wagtlardan bäri atgulagyň şiresini öýkende, aşgazanda, deride dörän rak kesellerini bejermekde ulanypdyrlar. Guradylan ýapragyndan taýýarlanylan çaý gakylyk goparyjy hökmünde peýdalanylýar.
Agamyradowa Akmaýa
Türkmen Oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 1-nji ýyl talyby



