Ýer ýüzünde bar bolan ençeme geň- taňlyklar adamzady haýran galdyrmagy dowam etdirýär. Tebigatyň täsinliklerine gutarma ýok. Ylym- bilim ösdügi saýyn şonça-da tebigatyň gizlin ýatan syrlarynyň üsti açylýar. Olaryň biri hem aýna balykdyr. Bu balygyň esasy häsiýeti edil aýna ýaly dury şekilde bolmagy.
Ol balyk suwda ýüzüp barýarka suwdan tapawutlandyrmak gaty kyn. Bu balyk bilen tanyşmak arkaly her bir adamda tebigatyň täsin syrlaryny açmaga, öwrenmäge höweslenýärler. Aýna balygy ilkinji gezek görenlerinde bu täsin jandaryň nähili dörändigi we nireden gelendigi barada köp çaklama döredipdirler. Emma bu tebigatyň döreden ajaýyplygyndan başga zat däl. Ol hiç hili üýgeşmä ýagny mutasiýa sezewar bolmadyk jandardyr. Aýna balygy suw ýaly dury bolsa nädip onuň içki organlary görünmeýär diýen sorag hemmäni gyzyklandyrýar. Aýna balygynyň dury şekiline sebepkär aslynda derisinde, myşsasynda, umuman bedeninde bar bolan gaunina pigmentidir. Ýöne käbir görnüşlerinde bu pigmentiň azdygy sebäpli içki organlaryny görmek bolýar.
Bulara köplenç Hindi ummany we Ýuwaş ummanda duş gelmek bolýar. Köp adamlar bu täsin balygy reňksiz bolandygy üçin aňsat reňklemäni başardylar. Ilki bada iýýän iýmitlerine beta-keratin pigmentini goşup beripdirler. Ondan başgada meduzalardan hem-de karoll riflerden alynýan floresan pigmentiniň genini balygyň genine ornaşdyrmak arkaly hem reňklemek amala aşyrylýar. Floresan pigmenti munuň özi şöhle saçýan dürli reňklere eýe bolup bilýär. Bu usuluň kömegi bilen balyklaryň eýe bolan reňkleri nesillerine geçýär we tebigy ýagdaýy üýtgemeýär. Reňklemegiň iň gowusy hem şu usul hasaplanylýar. Sanjym etmek arkaly hem reňkläp bolýar. Emma ol balygyň önelgesizligine sebäp bolýar. Bu balyklary reňklemegiň esasy ähmiýeti olary akwariumda bezeg hökmünde ulanmakdan ybarat. Şol häsiýeti sebäpli bu balyga köp talap bildirilýär.
Emma satyn almazdan öň bu balyklaryň nähili usul bilen reňklenendigine üns bermelidir. Bu täsin balygyň täsin köpeliş usuly bardyr. Olar işbil taşlap köpelýärler. Ýaş çaga mahaly reňkli bolýar. Soňra ýuwaş- ýuwaşdan gaunina pigmentiň emele gelmegi bilen reňksizlenýär. Aýna balyk bu häsiýeti bilen duşmanlaryndan goranmak ukubyna eýe bolýar. Halk arasynda ol balyga rentgen balygy hem diýilýär. Bu balygyň reňkinden başga ähli alamaty edil adaty balygyňky ýalydyr.
Ogulgerek ZAKIRJANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby