Balarylaryň halk hojalygyndaky ähmiýeti
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň dürli azyk önümlerine bolan islegini doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem ýokary hilli, dürli görnüşli azyk önümlerini daşary ýurtlara satmak meselesi goýulýar. Şu nukdaý nazardan ugur alyp, bu pudagy ösdürmegi, balary maşgalasynyň önümlilik we tohumlylyk hiliniň gowulandyrylmagy bilen utgaşdyryp alyp barmalydyr. Adamlar gadym wagtlardan bäri balaryçylygyň peýdasyna göz ýetirip, bu pudagy ösdürmäge uly uns beripdirler. Dünýäniň köp ýurtlarynda bu ugry döwlet goldaýar. Çünki bu pudak ilaty gymmat bahaly tebigy-azyk iýmiti bolan bal bilen, derman senagatyny bolsa çig mal bilen üpjün edýär. Oba hojalyk ekinlerini tozanlandyryp, olaryň hasyllylygyny artdyryp, döwlete uly ykdysady peýda getirýär.
Ynsanyň balarylar bilen ilkinji tanyşlygy
Ynsanyň balary bilen dostlugy adamzat döräni bäri dowam edýär. Maşgala bolup ýaşaýan balarylar ilki başda subtropik howa şertli ýurtlarda tokaý agaçlarynyň deşiklerinde, daglaryň uly bolmadyk gowaklarynda, jaýryklarynda ýaşapdyrlar. Olar häzirki döwürde hem tebigatda ýabany görnüşinde duşýarlar. Ýöne eldekileşdirilen öý balarylary maşgalasyndan bölünip gidýän balary toparlary ýaz-tomus güýz aýlary tebigatda ýaşap bilseler-de, gyşyň sowugyna çydap bilmän gyrylýarlar. Adamlar gadym döwürlerden bäri, balarylaryň tebigatda ýaşaýanlygyny, olaryň bal öndürýändiklerini bilip, ary balyny iýmit hökmünde ulanypdyrlar. Ýöne adamlar balary kömejinden bal alanlarynda olary belli bir derejede gyrypdyrlar. Netijede adamlar bilen bilen balarylaryň arasyndaky gatnaşyk, balarylar üçin zyýanly, adamlar üçin bolsa bir bada peýdaly bolupdyr. Balarylar tebigatyň gazaply şertlerine, köp sanly tebigy duşmanlarynyň täsirlerine döz gelip ýaşamaklaryny dowam etdiripdirler. Adamlaryň olary eldekileşdirmegi netijesinde, adam bilen balarynyň arasyndaky gatnaşyk ikitaraplaýyn bolup, balaryçylyk oba hojalygynyň girdejili pudaklarynyň birine öwrüldi.
Ataýew Kakajan
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwerstitetiniň 3-nji ýyl talyby