Balykgulak tebigatyň özboluşly, täsin önümleriniň biri bolup, ýer ýüzüniň dürli sebitlerinde duş gelýär. Onuň her sebitiň daşky gurşawyna laýyklykda dürli görnüşleri bar. Adamzat taryhynyň irki döwürlerinden bäri balykgulaklar dürli maksatlar üçin ulanylyp gelinýär. Balykgulagyň ululygyna görä, ondan dürli zatlary ýasapdyrlar.
Gadym döwürlerde onuň uly göwrümli görnüşlerini suwuk önümleri we dürli zatlary salmak üçin peýdalanypdyrlar. Ownuk önümleri daşamakda balykgulaklar amatly serişde bolup, olar dürli gabyň ornuny tutupdyr. Şeýle hem oňa agaçdan, süňkden sap oturdyp agaç çemçe ýasapdyrlar. Küýzegärlik senedinde ony gural hökmünde peýdalanypdyrlar. Balykgulagy gözellik serişdesi hökmünde hem giňden peýdalanyp, ondan dürli monjuklary ýasapdyrlar. Kiçi balykgulaklaryň özüni agaçlaryň baldaklarynyň süýümli gabyklaryndan ýasalan ýüpjagazlara düzüp, bezeg görnüşinde dakypdyrlar. Haýwanlaryň ýüňünden süýümiň alnyp başlanmagy bilen ýüpjagazlara, soňra bolsa simlere düzüp başlapdyrlar. Munuň şeýledigini arheologiki ýadygärlikleriň birnäçesinden balykgulakdan ýasalan monjuklaryň tapylmagy subut edýär.
Daş asyry döwrüne degişli Jeýtun medeniýetiniň we Hazar deňziniň kenarynda ýerleşen Gubaseňňir ýadygärligindäki arheologiki tapyndylardan görnüşi ýaly, Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýaşan gadymy ata-babalarymyz balykgulagyň “didakna” görnüşinden dürli bezegleri ýasapdyrlar. Didakna balykgulagyny bitewiligine ýa-da süýri görnüşde bölüp monjuklary ýasapdyrlar. Bu ýerden monjuk ýasamak üçin böleklenip goýlan we heniz deşilmedik süýrüräk balykgulak bölejikleriniň köpüsi tapylýar. Munuň özi eýýäm şol döwürlerde adamlaryň özlerine uly üns berendiklerini, şeýle hem jemgyýetde sungat baradaky düşünjeleriniň uly ösüşe eýe bolandygyny subut edýär. Şeýle-de zergärçilik sungatynyň döreýiş gözbaşyndan habar berýär.
Jemgyýetçilik durmuşynda alyş-çalşyň ýüze çykmagy bilen ilkinji pul hökmünde ulanylan ekwiwalent harydyň biri hem balykgulagyň “kauri” görnüşi bolup, ol özüniň kiçiligi we ýeňilligi bilen tapawutlanypdyr.
Orta asyrlarda hatdatlar balykgulak bilen golýazmalary ýazmak üçin reňklenen kagyzyň ýüzüni ýalpyldadypdyrlar. Şeýle hem bu döwürde adamlar balykgulaklary öýlerinde bezeg hökmünde saklapdyrlar. XVII asyrdan başlap adamlarda balykgulaklara ylmy nukdaýnazardan gyzyklanma döreýär. Bu döwürde balykgulaklar barada ilkinji işler peýda bolýar.
Ata-babalarymyz balykgulakdan milli oýun serişdelerini hem taýýarlapdyrlar. Muňa türkmen milli “Peçiz” oýnuny mysal getirmek bolar. Halk arasynda ol “Ýylanbaş” diýlip atlandyrylýar. Sebäbi oýunda ulanylýan balykgulagyň bu görnüşi ýylanyň kellesine meňzedilýär. Şeýle hem ýylanbaş türkmen halkynyň arasynda kiçijik çagalara dakylýan bezegleriň iň giňden ýaýran görnüşi bolup, ony çaga tahýasynyň depesine tikipdirler. Häzirki döwürde hem ol gözden-dilden goramak, şeýle-de dürli görnüşlerde düzülip bezeg şaýlary hökmünde çaga başgaplaryna dakylýar. Bu ýagdaý gadymýetden gözbaş alýan milli ýörelgeleriň täze eýýamda-da dowam etdirilýändigine, halkymyzyň durmuşynda dürli maksatlar üçin ulanylýandygyna şaýatlyk edýär.
Rustam KOPELOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Maglumat ulgamlary (oba hojalygynda) hünäriniň 4-nji ýyl talyby



