Tebigatda balyklaryň 22 müň töweregi görnüşi bellidir. Olar skeletiniň gurluşy boýunça iki topara bölünýär: kekirdewükli we süňkli balyklar. Süňkli balyklaryň 19000 gowrak görnüşi belli bolup, olar ýyly we sowuk suwlarda ýaşaýarlar. Bu balyklara ýüzüş haltasy mahsusdyr, ýöne ol käbirlerinde ösen däldir. Žabra ýarçyklary süňk gapak bilen ýapylýar. Kekirdewükli balyklaryň 630 töweregi görnüşi mälimdir. Olara akulalar we skatlar degişlidirler. Bu balyklaryň ýüzüş haltasy we žabra gapaklary ýokdur. Žabra ýarçyklary (5-7sany) gapaksyz daşyna açylýar. Balyklar suwda ýaşamaga uýgunlaşan sowuk ganly oňurgalylardyr.
Olaryň görnüşleriniň köplügine seretmezden ýaşaýşynda umumy meňzeşlikler bar: žabralarynyň üsti bilen suwda erän kisloroddan dem almaklary, bedeniniň nem suwuklygy we teňňeler bilen örtülmegi, esasy hereketlerdirijileri ýüzgüçleri bolmagy, suwdaky hereketinde sürtülmäni azaltmaga derasty mäzleriniň suwuklyk işläp çykarmagy, esasy herekete getiriji guýruk ýüzgüjiniň bolmagy we başgalar. Balyklaryň bedeniniň daşky görnüşi olaryň ýaşaýyş şertleri bilen baglanyşyklydyr. Uzak ýüzüşde bolýan balyklaryň (tuns, los, seldawy) daş görnüşi tegelekräk, gysga aralyklara çalt ýüzýänleriniňki (şuka, sargan) ýaý okuna meňzeşdir. Bulardan başga-da ýylan sypat, lenta şekilli, togalak (şar) we bedeni ýasy balyklar duş gelýärler. Suwuň üstki gatlaklarynda we onuň ýüzünde ýaşaýan balyklaryň bedeni çowly bolup, olaryň guýruk ýüzgüçleri güýçli ösendir. Bu sypat olara tiz ýüzmäge, awuny kowalap tutmaga, duşmanlaryndan gaçyp gutulmaga mümkinçilik berýär.
Suwuň düýbünde ýaşaýan balyklar haýal ýüzýärler. Olaryň ýasy bedeni balyklary töweregine çalymdaş edýär, duşmanlaryndan goraýar, awlaryna duýdansyz hüjüm etmäge mümkinçilik berýär. Balyklaryň gözi dury buýnuz gatlagy bilen örtülendir. Gapdal çyzygy onuň syzyş organydyr. Balyklaryň aglabasy suwda erän kisloroddan dem alýarlar. Suwda kislorod ýetmezçilik edende käbir balyklar howadan dem alyp hem bilýärler. Ýöne olaryň žabralary guramaly däldir. Balyklar suwda erän kislorody bedeniniň üsti bilen hem peýdalanyp bilýärler. Howadaky kislorody ýüzüş organlary, içegeleri we ýörite goşmaça dem alyş organlary ulanyp bilýär. Balyklaryň düwünçekleriniň we liçinkalarynyň ösüşinde gaz çalşygy gan aýlanyş ulgamy arkaly geçýär. Ýöne bu wagtlaýyn bolup, soň ýitip gidýär. Suwuň has çuň gatlaklarynda ýaşaýan balyklaryň birnäçesiniň ýagtylandyryjy organlary bolýar.
Ol suwuň düýbüne günüň şöhlesiniň düşmeýänligi bilen baglydyr. Balyklaryň iýmitlenişi olaryň agzynyň gurluşyna täsir edýär. Birnäçe balyklaryň agyz äňlerindäki dişleri awuny saklamak üçin ulanylýar. Kepir balyklarynda bokurdak dişleri bolup, ol bäşinji žabra gapagynyň deňinde ýerleşýär. Balyklaryň iýmit siňdiriş ulgamynyň gurluşy we uzynlygy iýýän iýmitine baglydyr. Köp balyklarda iýmitiň siňmegi içegede bolup geçýär. Mysal üçin, ot iýýän balyklaryň (ak tüňňimaňlaý) içegesiniň uzynlygy onuň bedeninden 16 esse; köp dürli iýmit iýýänleriňki (karas, kepir) 2-3 esse; ýyrtyjy balyklaryňky (şuka, okun, sudak) bolsa 0,6-1,2 esse uzyndyr. Duýuş organlaryna gözleri, ys alyş deşikleri, murtjagazlary, içki gulak we gapdal çyzyklary degişlidir.
Balyklaryň refklesi
Akwariumdaky balygyň häsiýetine gözegçilik edip, onuň gyjyndyrma iki hili gaýtargy berýändigi öwrenildi. Eger oňa çala degiläýse , onda ol dessine bir gapdala ýüzüp gidýär. Iýmite gözi düşen badyna hem balyklar şeýle çalt hereket edýärler. Awuny görende oýanma duýgusy görüş nerwi boýunça merkezi nerw ulgamyna barýar, şol ýerden hem ol dessine hereketlendiriji nerwler arkaly muskullara gaýdyp gelýär. Balyk awunyň ýanyna ýüzüp barýar-da, ony garbap alýar. Bular ýaly reflekslere bolsa dogabitdi ýa-da şertsiz refleksler diýilýär. Şertsiz refleksler nesilden-nesile geçip gelýärler. Eger-de akwariumdaky balyklar haýsy hem bolsa bir şertli täsir etmek arkaly iýmitlendirilýän bolsa, meselem, çyra ýakylsa, ýa-da akwariumyň aýnasy kakylsa, onda olar birnäçe wagt geçenden soňra iýmit berilmese hem , şonuň ýaly sese gelmäge endik edýärler. Bu balyklyn ýaşaýşynda setli refleksi ýöne şertli gyjyndyrmany berkidipdurmasaň öz-özünden ýitýär.
Balyklaryň köpelişiniň aýratynlyklary
Balyklaryň köpelişi we ösüşi suwda geçýär. Urkaçy balyklar öz işbillerini suwa taşlaýarlar we şol ýerik erkek balyklar tohum suwuklygyny-tiçlerini goýberýärler. Şeýdip tohumlanyş daşarda geçýär we ondan kijijik düwünçek emele gelýär. Balyklaryň ýaşaýşynda şu aşakdaky döwürler tapawutlandyrylýar:
Düwünçeklik döwri
Tohumlanmada emele gelen düwünçek tä (özbaşdak) daşky iýmitlenişe geçýänçä, sarylyk haltasynyň hasabyna ýaşaýär. Ol iki etapdan durýar: a) düwünçegiň ösüşi ýumurtganyň gabygynyň içinde; b) düwünçegiň ösüşi gabyksyz ýagdaýa geçýär.
- Liçinka döwri — ol ýumurtgadan çykan balyjygyň özbaşdak iýmitlenip başlan döwründen, teňnejikleriň emele gelýän wagty aralygyny öz içine alýar (entek uly balyga doly meňzemeýär).
- Ýaşajyk balyjyk (malýok) döwri — daşky görnüşi boýunça uly balyga meňzeş, jyns organlary ösmedik, ähli güýç kuwwatyny boý almagyna sarp edýär.
- Jyns taýdan doly ösmedik döwri — balyjygyň jyns mäzleri doly ösüşde, jyns alamatlary peýda bolýar, ýone köpelmäge entek ukypsyz.
- Jyns taýdan ýetişen döwri — köpelmäge ukyply bolup, ähli güýjini, işjeňligini, nesil öndürmäge sarp edýär. Bekre (osetr) 6-12 ýaşynda; beluga, kaluga 18-20 ýaşynda, kepir 3-4 ýaşynda jyns taýdan ýetişýär.
- Garrylyk döwri — balygyň jyns işjeňligi peselýär, uzynlygyna ösüşi saklanýar. Bekre (beluga) 100 ýyl ýaşap bilýär (uzynly 15m, agramy1,5 t ýetýär). Aral sazany 16 ýyl, kepir 20 ýyl (60 kg) ýaşaýar.
Dawut Saparow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinologiýa taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby