Kameliýa — agaç we gyrymsy agaç görnüşinde duş gelýär, onuň boýy görnüşine baglylykda 2 – 20 metre çenli ösüp bilýär. Kameliýanyň noýabr we aprel aýlary aralygynda güllemegi bu ösümligiň bezeg gymmatyny has-da artdyrýar. Ýapon Kameliýasy (Camellia japonica), sasankwa Kameliýasy (Camellia sasanaqua), tor şekilli Kameliýa (Camellia reticulata) ýaly görnüşleri bezeg bagçylykda giňden ösdürilip ýetişdirilýär.
Kameliýanyň kadaly ösmegi üçin aram çygly klimat şertleri amatlydyr. Gül pyntyklary köp emele gelen bolsa, onda her şahanyň ýokarky böleginde 1 – 2 sany pyntyk goýup, galanlaryny aýrylýar. Artykmaç gül pyntyklarynyň aýrylmagy galan pyntyklardan uly we owadan gülleriň emele gelmegine getirýär. Günüň göni düşýän şöhleleri Kameliýa üçin amatsyzdyr. Günde ösüş suwuny tutup we ösümlige suw pürkmek işlerini geçirip durmaly. Kameliýa açyk şertlerde ösdürilip ýetişdirilýän bolsa, onda iýul aýyndan soň suwaryşyň mukdary azaldylyp, goşmaça iýmitlendirmek işleri bes edilýär. Kameliýa topraga talapkär, onuň kadaly ösmegi üçin gurply topraklar amatly hasap edilýär. Kameliýa çybyklary we tohumlary arkaly köpelýär. Çybyklary şahalaryň ýokarky ýaş böleklerinden 1 – 4 pyntyk goýlup alynýar. Bezeg bagçylygynda giňden ulanylýan bu ösümlikleriň gülleýiş döwri gutarandan soň, gyrykylyp görnüş berilýär. Gyrkmak işleri geçirilenden soň, çygly gurşawy üpjün etmek üçin suwarmak we suw pürkmek işlerini geçirmeli.
Esen AMANKULYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby