Biologiki dürlüligiň halkara güni 2001-nji ýyldan bäri her ýyl 22-nji maýda bellenilip geçilýär. Bu Halkara güni, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy (UNGA) tarapyndan 1995-nji ýylda biologiki dürlülik baradaky konwensiýa (CBD) gatnaşyjylaryň konferensiýasynyň teklibi esasynda ýörite karar (No. A / RES / 49/199) yglan edildi. Bu waka 1992-nji ýylda bolup geçdi. Kararda Biologiki dürlüligiň halkara gününiň senesi, konwensiýanyň güýje giren güni hökmünde kesgitlenildi. Emma soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Halkara Biologiki dürlülik gününi konwensiýanyň gol çekilen gününe 22-nji maýda geçirdi (karar No. A / RES / 55/2011). 2000-nji ýyldaky konwensiýa gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň teklibi bilen yza süýşürmegiň maksady bu çärä has köp ünsi çekmekdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Halkara biologiki dürlüligi güni mynasybetli iberen habarlary yzygiderli çap edilýär. Hususan-da, 2005-nji ýyldaky habarda biodürlüligiň durnukly ösüşe esaslanýan we jemgyýeti garaşylmadyk sarsgynlaryň netijelerinden goraýan faktordygy aýdylýar.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby