Birýyllyk gülleriniň bezeg-bagçylykda ýetişdirilişi. Bezeg-bagçylykda ulanylýan ösümlikleriň içinde owadanlygy, ajaýyplygy, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde durnuklylygy boýunça tapawutlanýan birýyllyk gül ösümliklerine petuniýa, dyrnaklyja (kalendula), kalanhoýe, mahmal güli, owadan siniýa, koriopsis, kosmeýa, ipomeýa, halyça güli (portulak), geliopsis, ak kemençe (salwiýa), katarantus ýaly gülleri degişli etmek bolar. Bu bezeg gülleriniň içinde petuniýa, halyça gülleri her ýyly tohumlaryny döküp indiki ýyly ýene-de şol tohumlaryndan ösmäge ukyplydyr.
Şeýlede, bu güller ýylyň bütin dowamynda diýen ýaly gülläp durýar we daş-töweregine bezeg berýär. Dyrnaklyja, kalanhoýe, mahmal güli, owadan siniýa ýaly güller bolsa ýylyň dowamynda ösdürip ýetişdirip, olaryň şitillerini bezeg-bagçylykda ulanyljak ýerlere göçürip ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Gül ekmek üçin topraklar taýýarlananda suw berlip, taba gelen ýerlere ders hem-de kaliý, fosfor, karbamid dökünlerini garyp bermeli we agdarmaly, soňra dyrmyklap, eger güller gerşläp ekilýän bolsa, onda gerş çekmeli. Petuniýa, dyrnaklyja, mahmal güli, owadan siniýa, koriopsis, kosmeýa, ipomeýa, halyça güli, geliopsis, ak kemençe, katarantus tohumyndan köpeldilip ösdürip ýetişdirilýär. Petuniýa we halyça gülleri biýara emele getirip ösýär. Petuniýanyň biýarasynyň uzynlygy 30-35 sm, halyça gülüniňki bolsa 12-18 sm bolýar. Ipomeýa çyrmaşyp ösýär, şonuň üçin bezeg-bagçylykda ulanyljak ýerine çyrmaşdyryp goýberilse, ýaşyl baldaklary, ýapraklary, owadan gülleri bilen bezeg berip durýar.
Türkmen oba hojalyk instituty
4-nji ýyl talyby Döwletowa Gözel


