Biýologiýa we ekologiýa biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly ylmy ugurlardyr. Biýologiýa janly-jandarlaryň gurluşyny, ösüşini we ýaşaýyş kanunlaryny öwrenýän bolsa, ekologiýa olaryň daşky gurşaw bilen gatnaşyklaryny seljerýär. Bu iki ylmyň sazlaşykly ösüşi tebigatyň durnuklylygyny üpjün etmekde we adamzadyň geljekki ýaşaýyş şertlerini gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýedir.
Häzirki döwürde adamzadyň tebigata edýän täsiriniň artmagy ekologiýa meselelerini has ýitileşdirýär. Tebigy baýlyklaryň çendenaşa peýdalanylmagy, daşky gurşawyň hapalanmagy we biologik dürlüligiň azalmagy ylmy taýdan düýpli çözgütleri talap edýär. Bu ýerde biýologiýa ylymy janly ulgamlaryň ýagdaýyny anyklamak, olaryň üýtgeýş mehanizmlerini öwrenmek we ekosistemalaryň durnuklylygyny saklamak üçin zerur bolan ylmy maglumatlary berýär.
Biologik dürlüligi goramak ekologiýanyň esasy meseleleriniň biridir. Her bir ösümlik we haýwan görnüşi tebigy deňagramlylygyň möhüm bölegi bolup durýar. Biýologiýa ylmy bu görnüşleriň ýaşaýyş aýratynlyklaryny, köpelme şertlerini we daşky gurşawa uýgunlaşyş ukyplaryny öwrenmek arkaly olaryň goragyny üpjün etmäge ýardam edýär. Şeýle ylmy barlaglar ekologiýa syýasatlarynyň ylmy esasda alnyp barylmagyna mümkinçilik döredýär.
Ekologiýa bilen baglanyşykly häzirki zaman meseleleriniň çözgüdinde biotehnologiýalaryň orny hem uludyr. Biýologik usullaryň kömegi bilen hapalanan suwlary arassalamak, topragy dikeltmek we zyýanly galyndylary zyýansyzlandyrmak mümkinçiligi ýüze çykýar. Bu ýagdaý biýologiýanyň diňe nazary däl, eýsem amaly ähmiýetiniň hem uludygyny görkezýär.
Ýaş nesliň ekologiýa taýdan sowatly bolmagynda biýologiýa dersiniň orny aýratyn ähmiýete eýedir. Okuw prosesinde tebigaty goramagyň ylmy esaslaryny öwretmek ýaşlarda jogapkärçilik duýgusyny kemala getirýär. Bu bolsa jemgyýetde ekologiýa medeniýetiniň ösmegine we tebigata bolan hormatyň artmagyna getirýär.
Biýologiýa we ekologiýa ylymlary adamzadyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagynyň ylmy binýadydyr. Bu ugurlarda alnyp barylýan barlaglar daşky gurşawy goramaga, biologik dürlüligi saklamaga we geljekki nesiller üçin sagdyn ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. Tebigaty goramak ylmy düşünjeden başlanýar, biýologiýa we ekologiýa bolsa bu düşünjäniň berk daýanjydyr.
Jemal Mirzaýewa Atamuradowna,
Çärjew etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň Biologiýa mugallymy


