Malaýziýanyň Sabah tokaý hojalygynyň tokaý gözleg merkeziniň botanikler topary Borneonyň merkezi Sabah daglarynda ösüp ýetişen küýze şekilli güliň üstünden bardylar. Daşky görnüşi orangutany ýatladýan mör-möjekler bilen iýmitlenýän küýze şekilli güliñ täze tapylan görnüşi, bu güliň iň uly görnüşleriniň biridir. Dik küýze şekilli bu güliň içinde ýagyş suwlaryny we mör-möjekleri saklamaga ukyplydyr. Bu gül mör-möjekler bilen iýmitlenýär.
Ýyrtyjy ösümlik 2004-nji ýylda surata düşürildi emma alymlar tarapyndan öwrenilmändi. Mör-möjekler bilen iýmitlenýän gülleriň maşgalasy 2018-nji ýylda öwrenilip başlandy. Gözleg topary bu güliň özboluşly ýapraklarynyň bardygyny we güliniň bolsa şol sebitde ýaşaýan orangutan maýmynlaryny ýatladýandygy üçin oňa (Nepenthes pongoides) “Orangutan küýze ösümligi” diýip at berdiler. Netijede gözlegçiler bu sebite iki gezek ekspedisiýa etdiler we 39 sany ösümlik nusgasyny tapdylar.
Küýzeli ösümligiň beýikligine 45 sm çenli gül bolup, iki litrden köp suw saklap biljekdigi ýüze çykaryldy. Alymlar bu güliň näme üçin orangutana meňzeşdiginiň sebäbini anyk bilmeýärler. Malaýziýanyň Borneo şäherindäki ýabany dagda tapylan iň uly görnüşlerden biri bolan küýze ösümliginiň täze görnüşidir. Güliniň ýapraklarynyň aşagy galyň, goňur reňkli sütük maddalar bilen örtülendir. “Elbetde orangutan ýaly ýüňli däl”-diýip, Awstraliýanyň Melburn şäherindäki Wiktoriýa Korollyk Botanika bagynda Wiktoriýa Alastair Robinson aýdýar. Ýyrtyjy ösümlik gorag astynda saklanmasa ýok bolmak howpy abanýar. Sebäbi ösümlikleriň onlaýn satuwda ýerleşdirilendigini aýdýarlar.
“Nepenthes” 160-dan gowrak görnüşden ybarat Günorta-Gündogar Aziýanyň tropiki ýerlerinde we ýuwaş ummanyň käbir ýerlerinde duş gelýän ýyrtyjy küýze ösümlikleriniň bir görnüşidir. Ýapraklary ajaýyp suw gaplaryny emele getirýändigi sebäpli tebigatda haýwanlar bu küýzelere düşýärler we ösümlikleriň öndürýän iýmit siňdiriş fermentleri arkaly siňdirilýär. Küýze ösümlikleriniň köplenç ýerli ýabany tebigat üçin ýeke-täk suw çeşmesidigini aňladýar. Robinson: “Olar özleriniň birneme ekosistemasyna meňzeýär” diýip belleýär.
Nurly Täçdurdyýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby


