Braheýa Palmalar (Arecaceae) maşgalasyna degişli bolan mawy ýaprakly, örän owadan we hemişe gök öwüsýän palma agajydyr. Bu urug daniýaly astronom Tiho Brageniň hormatyna şeýle atlandyrylandyr. Tebigatda onuň beýikligi uludyr, emma onuň haýal ösmegi öý şertlerinde saklamaga mümkinçilik berýär. Agajyň esasy sütüni ýarym metre çenli galyňlykda bolýar. Ýapraklar gaçanda, Braheýanyň sütüninde aýratyn yzlar galýar. Agaç sütüniniň ýokarsynda ýelpewaç şekilli ýapraklar ösýär. Ýapraklary tikenli inçejik sapajyklarda ýerleşýär we kümüşsöw mawy reňkde bolýar. Olar örän berk bolup, bu agajyň esay alamatydyr. Braheýa, uzynlygy 1 metre ýetýän syrga gül toplumy bilen gülleýär. Braheýa gülländen soň, diametri 2 santimetre çenli goňur reňkli tegelek tohumlar emele gelýär.
Giň, ýagty otaglarda, koridorlarda we ofislerde ösdürmek üçin maslahat berilýär. Palma agajy ýekeligi halaýan ösümlik bolup, ol ýaş we kiçi bolsa-da, oňa hiç zat päsgel bermeli däldir. Braheýa ýarym kölegede ösüp biler, emma has köp ýagtylyk bermek oňyn täsir edýär. Günüň göni şöhleleri palma agajyna, esasanam ýokary gün işjeňligi wagtynda düşüp başlasa, ony şeýle täsirlerden goramak has gowudyr.
Gülruh BEKIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby