Dünýäde köp sanly täsin ösümlikler bar, olaryň biri hem “Buddanyň eli” ösümligidir. Bu ösümlik aýry ösüntgi emele getirýän, barmaklary ýada salýan miweleri bilen tapawutlanýar. Hemişe ýaşyl gyrymsy agaç ýa-da gysga agaç, boýy 3-4 metr öý şertlerinde ideg edilende 1.5 metre çenli ýetýär. Ýapraklary nobatlaýyn ýerleşen uzynlygy 8-15 sm ýetýär. Uly ýaprak plastinkaly, gabykly,öçügsi ýaşyl reňkli, ellips görnüşli. Gülleri hoşboý ysly açyk benewşe reňkli. Tyçinkalary 30 sany, aprel, maý aýlarynda gülleýär, oktýabr we dekabr aýlary aralygynda hem miwe berýär.Miweleri galyň gabykly, köplenç şäniksiz bolýar, wegetatiw usyly arkaly köpelýär.
“Budda ösümligi” alty müň ýyl mundan ozal Mesopotamiýanyň ýerlerini bezäpdir.Çaklamalara görä biziň eýýamymyzyň IV asyrdan soňra Hindistandan Hytaýa budda monahlary tarapyndan getirilipdir şol ýerden hem Ýapon adalaryna girizilýär. Birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda ýaponlar we hytaýlar tarapyndan bu ösümlik özüniň miweleriniň täsin görnüşi üçin gymmatly hasaplanylýar.Günbatar Aziýa ýurtlarynda bu ösümligiň miweleri bagtyň, baýlygyň, uzak ýaşamagyň nyşany bolup durýar. Altynsow miweleri esasan hem günbatar täze ýylynyň gelen möwsümleri örän meşhurdyr. Bu ösümligiň miweleri öý hojalygyna üstünlik we abadançylyk getirýär diýip hasaplanylýar. Hoşboý ysly miweleri geýimlere, otaglara, ýokumly ys bermek üçin hem ulanylýar. Bişmedik miweleri iýip bolmaýar emma şekere ýatyrylan ýa-da guradylan görnüşinde nahar bişirilende ulanylýar.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby