Ähmiýeti, ekin meýdanlary, hasyllylygy.
Narpyz lukmançylykda, parfýumeriýa we konditer önümçiliginde ulanylýan narpyzly efir ýagynyň 1,5-3,5% -ini öz içine alýan ýapraklary almak üçin ösdürilip ýetişdirilýär. Narpyzyň düzümindäki efir ýagynda 50-70% mentol saklanýar.
Botaniki häsiýetnamasy, Biýologiki aýratynlyklary.
Burç narpyzy — Mentha piperita L. Mawygülliler — Labiatae maşgalasyna degişli köp ýyllyk kornewişeli ösümlikdir.
Narpyzyň kornewişesi toprakda 5-6 sm çuňlukda ýerleşýär. Baldaklary dik ösýän, şahalanýan, beýikligi 80 sm-e çenli ýetýär. Ýapraklary garşylyklaýyn, ownuk, süýri-lanset şekilli, gyralary kertilen bolýar. Ýapragyň aşak tarapynda damarjyklaryň boýunda efir ýagyny emele getirýän köp sanly želýozkalary (smolaly ýa-da ýagjymak madda çykarýan öýjük) bar. Gülleri esasan enelik, ownuk, gülgüne bolup, ýumşak sümmül gül çogdumyny emele getirýär. Gülleýşi oňat, emma tohum emele gelmeýär diýen ýaly. Narpyz kornewişeleri bilen köpelýär.
Narpyz burçunyň ýylylyga bolan talaby pes.
Uly bolmadyk gar örtügi bilen, üsti örtülmezden gowy gyşlaýar. Narpyz kornewişeleriniň pyntyklary topragyň 2-3 °C temperaturasynda oýanyp başlaýar. Ýaş baldaklar 6 °C-e çenli aýaza durnukly. Narpyz çyglylygy söýýän ösümlikdir. Ýerüsti massasy topragyň 80% HB çyglylygynda has güýçli depginde ösýär. Narpyz ýagtylygy köp talap edýär: ýapraklar kölegeli bolanda, düzümindäki efir ýagynyň mukdary azalýar. Narpyz üçin gurplulygy pes gara topraklar we guran trofiki ýerler ýaramly hasaplanýar.
Iň köp ýaýran sortlary: Prilukskaýa 6, Krasnodarskaýa 2, Dermanlyk 1,. Kubanskaýa 6, Zarýa.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby