20-nji maý Bütindünýä balarylar güni. Bu sene BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň dekabrynda (A / RES / 72/211) karary bilen döredildi. Ondan öň birnäçe wakalar boldy: Biologiki dürlülik baradaky konwensiýanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) tozanlanma, tozanlandyryjylar, olaryň köpdürlüligini saklamak, azyk howpsuzlygy we oba hojalygynyň durnukly ösüşi meseleleri boýunça işiniň kabul edilmegi. 2016-njy ýylda Sloweniýa Respublikasy Halkara balarylar guramalary federasiýasy bilen bilelikde FAO-nyň mejlisinde Bütindünýä balarylar gününi döretmek barada teklip hödürledi, bu mör-möjekleriň tozanlandyrmakda, ekinlariň hasylyny ýokarlandyrmakda we netijede azyk howpsuzlygynda ähmiýetini nygtady.
20-nji maý görnükli balaryçylaryň biri, bu işiň täzelikçisi, häzirki zaman balaryçylygyny esaslandyryjylaryň biri hasaplanýan Anton Ýanşeniň (1734–1773) hatyrasyna baýramçylyk senesi hökmünde saýlandy. Ol 1734-nji ýylyň 20-nji maýynda Sloweniýada doguldy we balaryçylygy esasy işi edinip, bu ugurda ep-esli üstünlik gazandy. Hatda 1771-nji ýylda nemes dilinde neşir edilen gollanma ýazmagy hem başardy.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby