Her ýylyň 8-nji iýuny Bütindünýä ummanlar güni hökmünde bellenilýär. 1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Rio de Žaneýroda geçirilen sammitde karar berlip, resmi taýdan ykrar edilmedik Bütindünýä ummanlar güni ummanlaryň ýaşaýşa we ýabany tebigata goşýan goşandyna ünsi çekmek üçin gün tertibine girizildi. Ummanlar ýaşaýyş üçin örän möhüm bolup, olar planetamyzyň 70% -den gowrak bölegini öz içine alýar. Ummanlaryň we deňizleriň kömürturşy gazyny siňdirmekde, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde we gün energiýasyny paýlamakda strategiki wezipäni ýetirýän güni, adamyň barlygyny dowam etdirmek üçin deňizleri we ummanlary tygşytly ulanmagyň zerurlygy nygtalýar.
Ýabany tebigaty goramak gaznasynyň beýanyna görä, dünýäniň 71%-ini tutýan we ýer ýüzünde bir milliard adamyň iýmit çeşmesi bolan deňizler we ummanlar ýerüsti we deňiz gelip çykyşynyň hapalanmagy, aşa köp balyk tutulmagy we global ýylylyk sebäpli ýüze çykýan kynçylyklara sezewar edilýär.
Dünýäniň geljegi üçin deňizleriň 40%-ini gurşap aljak global deňiz gorlaryny döretmek teklip edilýär. Deňiz goraghanalary ummanyň ýabany tebigatyny goramak üçin iň güýçli gurallar hökmünde kesgitlenilýär, şol bir wagtyň özünde ýitip barýan görnüşleriň dikeldilmegine we köpelmegine goşant goşýar.
Bütindünýä ummanlar güni köp ýurtda dürli çäreler bilen bellenilýär. Türkmenistan halkara başlangyçlarynda işjeň çykyş etmek bilen, ekologiýany goramaklyk meselelerine aýratyn üns berýändir.
Gulnaza MAŞARIPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby