Buýan kösükliler maşgalasyna degişli bolup boýy 50 – 150 sm ýetýän, miwesi kösük, kök ulgamy gowy ösen, kökleri gapdala we çuňluga ösmäge ukyply köp ýyllyk ösümlik. Şol ösýän ýerinde 10 ýyla we ondan hem köp ösmäge ukyply. Bu ösümlik dünýäniň köp ýerlerinde duş gelýär. Şonuň üçin buýana kosmopolit ýa – da älemgezer görnüş diýilýär. Buýan ýurdumyzda giňden peýdalanylýan dermanlyk ösümlikdir. Ol derman senagaty üçin dürli dermanlary taýýarlamakda gymmatly çig mal bolup, hyzmat edýär. Şeýle maksatlar üçin onuň köki ulanylýar. Buýan kökünden goýy, gury ekstraktlar, toşaplar alynýar.
Buýan köki süýji tagamly bolup, onuň düzüminde glikoalkaloidler, glissirin 0,4-6 % çenli saklaýar. Şekerden 50 esse süýji tagam berýän soponinlere degişli maddalar dermanlyk häsiýetini berýär. Köküň düzüminde gliserin kislotasy, kaliý we kalsiý duzlary we 27 sany dürli falwanoidleriň saklanýandygy barada käbir ylmy maglumatlarda duş gelmek bolýar. Mundan başga-da, düzüminde 20 % şeker, 3 % ajy madda, 4 % smolalar, 20% krahmal, efir ýagy, reňkleýji madda we witaminler saklanýar. Soňky ylmy maglumatlara görä, buýan köküniň düzüminde ynsan bedeniň immunitetini ýokarlandyrýan maddanyň bardygy ýüze çykaryldy. Buýanyň diňe bir köki däl, eýsem, ýapraklary hem ähmiýetli bolup, onda С witamini saklanýar.
Taryhy çeşmeleriň maglumatlaryna görä Gressiýada b.e. öňki IV asyrda Aristotel bilen Teofrast buýan köküniň üsgülewükde, bronhitde bejerijilik ähmiýetiniň bardygyny nygtap geçipdir. Mundan başga-da hytaý halk lukmançylygynda ilkinji hat ýazuw ýüze çykan döwürlerinde buýan hakynda ýazgy edilipdir. Hytaýyň ilkinji kitaplarynyň biri bolan derman ösümlikler hakynda “Bensa O” ýa-da ösümlik kitabynda hem derman ösümlik hakyndaky maglumatlara duş gelmek bolýar. Dünýäde ilkinjileriň biri bolup, buýan hakynda maglumat toplan Hytaý knýazy Şen Mýun, ol biziň eýýamymyzdan 3000 ýyl ozal ösümligiň häsiýetlerini öwrenipdir. Tibet lukmançylygynda buýany üsgülewükde, gök bogmada, bronhitde, demgysmada, öýken gyzdyrmasynda, inçekeselde, aşgazan, bagyr we böwrek kesellerinde, azganlylykda, ýylan çakanda ulanylypdyrlar.
Abu Ali Ibn Sinanyň aýtmagyna görä, buýan köki ýanygy, ýarany bitirýär, aşgazan gaýnamasynda, peşew haltasynyň sökelliklerinde peýdalanylýar, ol bokurdagy ýumşadyjy, arassalaýjy, suwsuzlygy gandyrjy serişdedir.
Halk tebipçiliginde we medisinada uly üns merkezinde bolan buýan türkmen tebigatynyň baýlygydyr. Ajaýyp tebigatynyň baýlygyny ýerlikli we tygşytly ulanmak hemmämiziň borjumyzdyr.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy
Hajyýewa Maýa


