Çaý (Tea) — Çaýlar maşgalasyna, çaý urugyna degişlidir.Çaý agajynyň hytaý çaýy görnüşi bellidir. Bu ösümligiň ady belli botanik alym K.Linneý tarapyndan grek aýal hudaýynyň ady çaý diýlip (Tea) goýlupdyr. Çaý agajy Ýer şarynynyň tropiki we subtropiki ýerlerinde ösýär. Çaý agajynyň watany Hytaý we Hindistan hasaplanylýar. Soňky geçirilen barlaglaryň netijesi boýunça Watany Hindi-Hytaý ýurtlary bolup biler.
Çaý-kofe we kakao ýaly ýer ýüzünde esasy iýmit önümi bolup durýar. Çaý ýokary derejeli tagamy bilen tapawutlanyp, suwsyzlygy gandyrýar, adama ýaramly täsir edýär. Çaý (Tea) agajynyň ýapraklarynyň düzüminde ýokary dereje kofein (2-4% agramda), eýleýji, efir ýaglary, С, P, B1, B2 witaminleri we kislotalary bar. Çaýyň külünde kaliý, natriý, kalsiý,magniý, marganes, demir, kremniý, fosfor, kükürt we hlor bar. Kaliý bilen fosforyň mukdary näçe köp bolsa, çaýyň hili ýokary bolýar. Çaýyň ýapraklaryndan P witamini alynýar. Ol öz gezeginde ownuk gan-damarlarynyň berkligini ýokarlandyrýar. Tropiki ýerlerde çaý agajynyň boýy 15-18 m ýetýär.
Çaý agajy elmydama ýaşyl öwüsýän agaçdyr. Çaý agajynyň ýapraklary görnüşlerine we sortlaryna göra, 2-3-den 35-40 sm-e çenli bolýar. Gülleri ak reňkli bolýar. Uly gülleriniň diametri 40-50 mm-e barabardyr.Çaý agajynyň gunçalamagy subtropiklerde iýul aýlarynda başlanýar, güllemäge bolsa, sentýabr aýynyň soňunda başlap, güýz aýlarynyň soňuna çenli dowam edýär.
Çaý agajynyň miwesi garamtyl-ýaşyl reňkde bolýar. Tohumlary togalagrak görnüşde 10-20 mm diametrde bolýar.
Aýnur Nurgeldiýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby