Her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni bellenilýär. Bu sene BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda esaslandyryldy. Şondan bäri ol BMG-niň düzümindäki ähli ýurtlarda we guramalarda giňden bellenilýär.
Türkmenistan daşky gurşawy goramak babatda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek esasynda, dünýä bileleşiginiň daşky gurşawy goramagyň wezipelerini çözmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň goşulýar. Türkmenistan daşky gurşawy goramagyň, tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmagyň, ekologiýa meselelerini çözmegiň dürli ugurlary bolan BMG-niň halkara Konwensiýalaryny we maksatnamalaryny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň düzüminde geçirilýän maslahatlarda durmuş ulgamynyň ähli ugurlary boýunça, hususan-da, ekologiýa ýagdaýyny has-da sagdynlaşdyrmak babatda öňe sürýän oňyn başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, döwletimiziň dünýä bileleşiginiň daşky gurşawy goramak we tebigata aýawly çemeleşmek wezipelerini çözmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň goşulyşmagy bütin dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny gorap saklamaga uly goşant bolýar. Şunda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde hereket edýän milli kanunçylyk namalaryna halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary üstünlikli ornaşdyrylýar. Tebigaty ösdürmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge we ösdürmäge, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň dünýä ösüşine çuňňur aralaşmagyna we bütin dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde dünýä bilen aýakdaş gitmäge giň mümkinçilikler açylýar.
Bu ugurda geljekde hem oňyn halkara hyzmatdaşlygynyň ilerlemegi, ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasynyň çäklerinde alnyp barylýan özgertmeleriň günsaýyn pajarlamagy ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby



