Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigy baýlyklary gorap saklamak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly işleri hukuk taýdan kadalaşdyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda toprak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak maksady bilen, dünýä ähmiýetli maksatnamalar boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ekologiýa we daşky gurşawy goramak, sebitde hem dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça esasy çemeleşmelerinde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ählumumy, sebit we milli gurallaryndan ugur alýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, döwletimiziň dünýä bileleşiginiň daşky gurşawy goramak we tebigata aýawly çemeleşmek wezipelerini çözmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň goşulyşmagy bütin dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny gorap saklamaga uly goşant bolýar. Şunda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde hereket edýän milli kanunçylyk namalaryna halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary üstünlikli ornaşdyrylýar.
Türkmenistan daşky gurşawy goramak babatda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek esasynda, dünýä bileleşiginiň daşky gurşawy goramagyň wezipelerini çözmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň goşulýar. Tebigaty goramak, ekologiki meseleleri çözmek barada dünýä ähmiýetli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Turkmenistan daşky gurşawy goramagyň, tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmagyň, ekologiýa meselelerini çözmegiň dürli ugurlary bolan BMG-niň halkara Konwensiýalaryny we maksatnamalaryny tassyklady.
Ýurdumyzda Dumukly ösüş maksatlaryndan gelip çykýan wezipeleri nazara almak bilen, döwletimiz howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýany yzygiderli dunnuşa geçirip, türkmen topragyny bagy-bossanlyga öwürmek boýunça örän ähmiýetli işleri amala aşyrýar. El bilen döredilýän we okgunly giňeýän tokaý meýdanlary, ýylyň dowamynda gök öwüsýän seýilgähler howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek işine uly goşant bolup durýar, şol sanda bioköpdürlülige özüniň oňaýly täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasynyň çäklerinde alnyp barylýan özgertmeleriň günsaýyn ösmegi ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Kümüş HEKIMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Maglumat ulgamlary we
tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby