Delfinler tutuşlygyna bir maşgala bolup ýaşaýan akylly ýyrtyjylardyr. Deňizleriň we ummanlaryň hemmesinde diýen ýaly ýaşaýarlar we hatda derýalarda ýokary akymda hem ýüzýärler.
Delfinler süýdemdirijiler maşgalasyna degişlidirler. Delfinleriň takmynan 40 görnüşi bar. Olaryň uzynlygy 150 sm den kiçi bolmadyk delfinlerden başlap, 10 metrden uzyn bolup bilýän uly kitlere çenli. Delfinler bir gezekde suwuň aşagynda 15 minutlap bolup, sagatda 35 km tizlige ýetip bilýärler. Delfinler akyl taýdan adamlardan soň planetanyň iň ösen ikinji ýaşaýjysy hasaplanýar. Uly delfinleriň beýnisiniň agramy 1700 gram, adamyň beýnisiniň agramy bolsa orataça 1400 gram. Delfinleriň ekolokasiýasy bar, ýöne mundan başga-da olar öz aralarynda gürleşip bileýärler.Ultrases hem çykarýarlar, sygyrýarlar, jyňňyrdaýarlar, gykylyk ýaly sesler bolup bilýär. Mundan başga-da delfin doglanda olar öz aralarynda at berýärler.Muny bilmek üçin alymlar bir maşgalany synagdan geçirdiler we olarda adaty signallaryndan tapawutly sözleri tapdylar.
Adamlar delfinler hakynda eşidenlerinde ilki bilen dilfanariý barada pikirler gelýär.Dilfenariý ýörite dilfinleri saklamak, öwretmek we adamlara görkezmek üçin niýetlenen suwly howuzdyr. Ilkinji delfinariý 1938-nji ýylda açyldy.
Ondan başga-da definler arkaly keselleri hem bejerip bolýar, oňa delfinoterapiýa diýilýär.”Delfinler bilen ýüzmek çagalaryň we ulalaryň psihiki näsazlyklary bilen göreşmekde, ýakyn adamy ýitirmegi başdan geçirmekde ýa-da gorkunç heläkçiliklerden baş alyp çykmakda ýardam edýär” diýip belleýärler. Başga-da birnäçe keseleri: autizm, Dauna sindromy, akyl taýdan yza galmakdaky keseller, ýatkeşligiň bozulmagy ýaly keseller bilen göreşmekde ýardam edýär.
Köp adamlar delfinleriň mylaýym haýwanlardygyna ynanýarlar we gämi gark bolanda, ýa-da bir adam kenardan uzaklara gitse, oňa kömek etmekden hoşal bolýarlar diýip belleýärler.
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby