Dünýäde bize nätanyş bolan birnäçe täsinlikler we lezzetli tagamlar bardyr. Olaryň biri hem deňiz üzümidir. Ol ösümlik hem, täsin hem, lezzetlidir. Deňiz üzümi aslynda sargassum suwotulary maşgalasyna degişli bolan goňur suwotularynyň bir görnüşidir. Ol sargasso deňizinde duş gelýär. Şol sebäbden onuň ylmy ady sargassumdyr, emma köplenç deňiz üzümi diýilýär. Sargassumsda rizoidleri bolup, şolaryň kömegi bilen bedenini deňizň düýbüne berkidýär. Emma erkin ýüzýän we köpelmeýän görnüşleri hem bar, olara talli diýilýär. Talli Sargasso deňizinde “umman çemenliklerini” emele getirýär. Bu hadysa deňiziň güllemegi diýilýär.
Deňiz üzümleri köplenç topar bolup ýaşaýarlar. Bir toplumynyň uzynlygy 10 metre ýetip biler. Baldaklarda we ýapraklarda tegelek şarjagazlar emele gelýär. Olar ýaşyl, sarymtyl, zeýtun-goňur we zeýtun reňklerde bolýar. Ol daş keşbi boýunça kiçijik üzüme meňzeýär. Şonuň üçin oňa deňiz üzümi diýilýär. Sargassumyň 3 santimetre ýetýän kiçi şarjagazlarynyň içinde howa bolýar. Şarjagazlarda deňiz ösümlikleriniň ysyny, suwuň salkynlygyny berýän ajaýyp tagamy bardyr. Onuň gurluşy gyzyklydyr. Şol bir wagtyň özünde ýumşak we maýyşgakdyr. Şarjagazlar dişlenende agyz boşlugynda ýarylýar we şarjagazlaryň içinde bar bolan howa agyz boşlugynyň tutuş hemme ýerine dargaýar. Şol wagt adamda üýtgeşik duýgy oýanýar. Onuň sebäbi şarjagazlaryň içindäki, howanyň düzümi bilen baglydyr. Ony hatda çig iýmek bolýar. Ol suwoty söýýänler üçin hakyky lezzetdir. Oňa deňiz hazynasy diýsek hem ýalňyşmarys.
Onuň energiýa öndürijiligi 123 kkal-a deň. 100 gramy 1,6 gram ýaga, 6,7 gram beloga we uglewodyň baý çeşmesine eýedir. Düzüminde bar bolan A, B2, E, K witaminleri adam bedenine oňyn täsir edýär. Deňiz üzüminiň birnäçe peýdaly tarapy bardyr. Esasy peýdaly tarapy ganda kislorodyň daşalmagyny kadalaşdyrýar. Ol deri öýjükleriniň, saçlaryň we dyrnaklaryň saglygyny goldaýar. Galybersede ol holesteriniň derejesini kadalaşdyrýar. Ganazlygyň ösmegine garşy, dowamly ýadawlygy aýyrmak we energiýany dikeltmekde ýokary derejede netije berýär. Ösüp gelýän ýaş çagalara köp iýmek maslahat berilýär. Sebäbi ösüş garmonynyň işlemegi üçin möhüm bolan madda ýod bardyr. Diňe bir adamyň däl eýsem gurçuklaryň hem ünsüni özüne çeken bu suwotulary Ýapanaponiýada el bilen ekýärler we takmynan 8 hepdeden soň ýygnalýar. Ony deňiz suwy bolan gaplarda ýörite ekýärler.
Ogulgerek ZAKIRJANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby