Buenos-Aýressdäki Bernardino Riwadawiýa tebigy ylymlar muzeýiniň argentinaly paleontologlary, 145-66 million ýyl ozal Kretreý döwründe häzirki Patagoniýanyň çäginde ýaşap ýören ýyrtyjy dinozawrlaryň täze görnüşini tapdylar. Haýwanlara Koleken inakayal ýa-da koleken ady berildi. Bu gözleg “Cladistics” ylmy žurnalynda çap edildi.
Galyndylaryň derňewi, bu dinozawrlaryň uzynlygy bäş metre çenli bolandygyny we dünýäniň iň ýokarky ýyrtyjylarydygyny görkezdi.
Kolekenler abelizawrid maşgalasyna degişli bolup, olaryň meşhur tirannozawrlara meňzeş gurluşy bardy. Tirhanozawrlar ýaly, kolekenleriň öň aýaklary ösmedikdir. Topar K. inakaýalyny anyklandan soň abelizawridleriň ewolýusiýasyny we beýleki dinozawrlar bilen deňeşdirilende wagtyň geçmegi bilen bedenleriniň üýtgemeginiň tizligini öwrendi.
Alymlar abelizawridleriň kellesiniň çalt ewolýusiýasyny görkezendigini, munuň olaryň gülläp ösmegine goşant goşandygyny bellediler.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby



