Dört ýaprakly Kalanchoe, seýrek duş gelýän, adaty bolmadyk, örän uly we etli ýaprakly, dykyz dokumadan düzülen seýrek duş gelýän sukkulent ösümlikdir. Bu ösümligiň ylmy ady kalanchoe tetraphylla bolup crassulaceae maşgalasyna degişlidir. Tebigy şertlerde bu ösümligiň beýikligi 50 sm-den 1,5 metre çenli ýetýär. Onuň açyk ýaşyl ýapraklary, açyk güne sezewar bolanda, gyralarynda gülgüne-gyzyl ýa-da açyk reňk alýar. Dört ýaprakly Kalanço monokarpiki ösümlik, ýagny ömründe bir gezek gülleýär, soň ölýär. Dört ýaprakly Kalançonyň ýapraklary açyk ýaşyl, ak tozgajyklar bilen örtülendir.
Ýapraklaryndaky ýaşyl we çal reňkler, gyralaryndaky gyzyl çyzyklar özüne çekiji öwüşgin berýär. Sowuk möwsümde we günüň aşagynda gyzyl tegmiller peýda bolýar, bu bolsa oňa gowy bezeg ähmiýetini berýär.Giç ýaz, tomsuň başy gülleýän döwri hasaplanýar.Bu ösümlik tegelek şekilde ýaýrap ösýär. Her bir düýpde dört sany esasy ýaprak öseri bolup onuň üstünden gat-gat ýapraklar ösüp çykýar, dört hatar ýapragy atanaklaýyn ýerleşýär.. Ady hem şol bilen baglanyşyklydyr. Ol täçi ýada salýar. Täçiniň diametri 80 sm ýetýär. Gülüniň reňki gülgüne, gyzyl, sary, gyrmyzy, mämişi bolýar.
Dört ýaprakly kalanço bilen ideal ideg işlerini geçirmek aňsat hasaplanýar. Esasy ideg şertleri , ösümligi kök çüýremeginiň öňüni almak üçin gowy guran toprak bilen üpjün etmeli. Ýapraklaryň reňkini saklamak üçin açyk, gytaklaýyn ýagtylygy ýetirip durmalydyr. Guraklyga çydamly ösümlik hökmünde tanalýan dört ýaprakly kalançony her 3 hepdeden bir gezek suwarmalydyr. Bu ösümligi ýetişdirmek amatly bolany üçin hem-de adatdan daşary keşbi sebäpli bezeg ösümligi hökmünde giňden ulanylýar.
Ogulgerek ZAKIRJANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby




