Ary guşlary dünýädäki iň kiçi guşlardyr. Bu guşlaryň latynça ady mellisuga helenae diýip atlandyrylýar. Şeýle hem, ömrüniň has köp bölegini beýleki görnüşlere garanyňda köp uçup geçirýärler. Erkek osoblarynyň ortaça uzynlygy 5,51 sm, ortaça agramy 1,95 gr, urkaçy osoblary 6,12 sm we 2,6 g. Has kiçi görnüşleriniň uzunlygy 5 sm agramy 1,6 g bolup biler. Guşuň ýüregi minutda 300-den 500 gezege çenli urýar. Olar diňe kiçiligi bilen däl eýsem, öz reňkleriniň owadanlygy we uçuş tizligi bilen hem belli. Uçuş wagtynda ganatlaryny sekuntda 80 gezek çalt herekete getirýär. Şeýle tizligi sebäpli, olaryň bedeni ýokary energiýa talap edýär.
Ary guşlary, nektar çeşmesini üpjün edýän solandria grand ösümligi bolan ýerleri has gowy görýärler. Ol ösümlik hem Kubada giňden ýaýrandyr. Ary guşy diňe Kuba adasynda we onuň töweregindäki kiçi adalarda duş gelýär. Kuba- Karib deňzinde ýerleşýän uly ada döwleti bolup, Merkezi Amerikanyň günorta-günbataryndaky Karib deňziniň, Meksika aýlagynyň we Atlantik ummanynyň arasynda ýerleşýär. Kuba dünýäniň iň uly adalarynyň biri we Karib sebitindäki iň uly ada hasaplanýar. Ary guşy hem bu ada meşhurlyk getirýär. Bu guşuň asyl dörän ýeri Kuba bolup, ol diňe bir ýerde duş gelýän endemik guş hasaplanylýar. Kuba adasy we onuň golaýyndaky kiçi adajyklarda ösümlikleriň we tropiki tokaýlaryň köpdürlüligi onuň ýaşaýşy üçin amatly şert döredýär.
Ary guşlary beýleki guşlar ýaly özboluşly uçmak endiklerine eýedir. Olar göni ýokary, aşak, yza we hatda tersine uçup bilýärler. Ganatlaryny howada durnuksyz bolmaga mümkinçilik berýän sekiz şekilde hereket edýärler. Onuň uçuş mehanizmi we energiýa tygşytlaýyş usuly dron we robot tehnologiýalary üçin ylham bolup hyzmat edýär.Ganatlaryndaky hereket ritminiň tebigaty, olary ganatly göçme robotlar üçin modeliň bir bölegi edip görkezýär.
Gülnar GOÇOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby


