Häzirki zaman botanika ylymynda dürli ölçegli we gurluşly ösümlikleriň giň toplumy öwrenilýär. Olaryň arasynda dünýäde iň kiçi göwrüme eýe bolan Wolffia globosa aýratyn ünsüň merkezinde durýar. Bu ösümlik Lemnaceae (suw otlary) maşgalasyna degişli bolup, tebigatda juda üýtgeşik uýgunlaşma ukyby bilen tapawutlanýar. Göz bilen görünmeýän diýen ýaly bu owadan mikro-ösümlik dünýä ekosistemasynda möhüm ähmiýete eýedir.
Wolffia globosa diňe 0,5–1 millimetr aralygynda uzynlyga, takmynan 1 milligramdan birnäçe esse az agrama eýedir. Ol adaty ösümliklerden tapawutlanyp, aýratyn ýapragy we köki bolmaýar. Wolffia globosa diňe bir ownuk ýaşyl beden görnüşinde bolýar. Ösümligiň bütin bedeni diňe ownuk göwreden ybarat bolup, ýaşyl reňkli bu göwre fotosintez arkaly iýmitlenýär. Ösümligiň şeýle ownuk we ýönekeý gurluşy onuň durgun, ýagny akmaýan suwly ýerlerde gaty çalt köpelmegine mümkinçilik berýär. Sebäbi onuň bedeni diňe bir bölejikden durýandygy üçin täze bölejikleriň emele gelmegi birden we tiz bolýar.
Bu mikro-ösümlik esasan kölçelerde, durgun suwly akabalarda, suw üstlerinde giňden ýaýraýar. Günüň ýeterlik ýagtylygy we ýylylyk şertleri üpjün edilende Wolffia globosa bir günde täze nesil döretmäge ukyplydyr. Mysal üçin, 1 gram Wolffia gysga wagtda birnäçe kilogram biomas döretmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin ol dünýäniň iň çalt biologik köpeliş ukybyna eýe ösümlikleriniň biri hasaplanýar.
Wolffia globosa diňe öz aýratyn biologik häsiýeti bilen däl-de, eýsem tebigat üçin ýerine ýetirýän hyzmatlary bilen hem gymmatlydyr. Ol suw dolanyşygynyň biosistemasynda balyklar, guşlar we suw jandarlary üçin möhüm iýmit çeşmesi bolup durýar. Şeýle-de suw ýüzüni ýapyp, howanyň täsiriniň öňüni alýar hem-de suw gurşawynyň temperaturasyndaky üýtgemeleri peseltmäge kömek edýär. Şeýlelikde biogeoklimat durnuklylygynyň saklanmagyna goşant goşýar.
Ondan başga-da, häzirki zaman ylym-bilim ulgamynda Wolffia globosa täze mümkinçilikleriň çeşmesi hökmünde giňden öwrenilýär. Onuň düzüminde beloklaryň, aminokislotalaryň we B12 witamininiň bolmagy ony adam iýmiti hökmünde hem ulanmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin bu ösümlik käbir ýurtlarda çagalaryň sagdyn ösmegini üpjün etmek üçin iýmit goşundy hökmünde ulanýarlar. Wolffia globosa biotehnologiýada hem ulanylýar. Onuň biomassasyndan bioýangyç öndürilýär we suw serişdelerini arassalamakda peýdalanylýar.
Dünýäniň iň kiçi ösümligi Wolffia globosa tebigatyň özboluşly ajaýyplyklarynyň biridir. Onuň mikro göwrümine garamazdan, ekologiýa ulgamyndaky möhüm peýdalary we geljekki ylmy-biomedisina mümkinçilikleri bu ösümligiň öwrenilmeginiň wajypdygyny görkezýär. Tebigatyň ösümlik dünýäsiniň iň ownuk ajaýyplygy hut şunuň özidigini aýtmak bolar.
Ataýewa Bahar,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň 5-nji ýyl talyby



