Kiçijik marmoset diýlip atlandyrylýan bu üýtgeşik jandar iň kiçi süýdemdirijidir. Ol süýdemdirijiler klasynyň primatlar otrýadyna degişli. Onuň ululygy bary-ýogy 11-15 sm, uzunlygy bolsa 17-22sm deňdir. Agramy 100-150 gram aralygynda bolýar. Onuň sütkleri galyň we uzyn ýokary tarapyndan altyn goňur reňkli,aşaky tarapy ak ýa-da mämişi bolýar. Kellesinde we döşinde uzyn saçlary bardyr. Kiçijik marmoset Amazonda, Kolumbiýanyň günortasynda, Peruda Ekwatorda, Boliwiýada we Braziliýanyň günortasynda ýaşaýar. Olar köplenç tokaýlaryň gyralarynda derýalaryň kenarlarynda we möwsumleýin suw joşgunly jeňňellerde duş gelýär. Ömrüniň köp bölegini agaçda geçirýär ýöne käwagt ýere gaçýar.Olar esasan günortan işjeň bolýar.
Dört aýakda şol sanda dik ýagdaýda şahalarda hereket edýärler we bir metre çenli böküp bilýär. Kiçijik marmoset birnäçe nesilden ybart natal toparlarda ýaşaýar. Ondan başgada üýtgeşik hasiýetleriniň biri olar öz ýaşaýan ýerlerini,çäklerini ýörite mäzlerinden bölünip çykýan sekresiýa bilen belleýärler,beýlekli toparlaryň nätanyyş wekillerini gykylyk bilen kowýarlar. Bu gatnaşyk käwagt söweşe çenli baryp biler. Iýmitlenişi hem özboluşly häsiýete eýedir.Ýagny olaryň iýmmiti agaç saplaryndan durýar,olar uçin gabygy ýiti kesikleri bilen dişleýärler. Kiçijik marmoset jübütleşme arkaly köpelýär hem-de 150 gün göwreligi başdan geçirýär,adatça iki çaga dünýä inýär. Toparyň kakasy we beýleki erkekleri nesil hakda alada edýärler ýagny neslini ösdürip ýetişdirýärler,terbiýeleýärler,arkasynda göterýärler,süýt bilen iýmitlendirmek üçin enesiniň ýanyna getirýärler.Iki ýaşanynda jynsy taýdan ýetişýär.
Bu haýwan iň uzak 11 ýyl ýaşap bilýärler. Bu täsin jandary eldekileşdirip,öý şertlerinde hem saklap bolýar emma köp zähmet talap edýär. Esasan hem iýýän iýmitlerine üns bermelidir. Ilkinji nobatda iýmitlerine D witaminini goşup bermeli infragyzyl şöhleleriň ýetmezçiliginiň öwezini dolar ýaly bolmalydyr. Iýmit önümlerinden belokly iýmit duzsyz gaýnadylan towuk ýa-da hindi eti,bankalarda çaga et püresi,karides ýaly iýmitler bilen naharlamaly. Gök önümlerden kelem,käşir,brakoli bilen idetmeli. Miwewlerden alma,erik,şetdaly,üzüm,alça has oňaýly. Mör-möjeklerden çekirtge,gyrgyç we nahar gurçygy bermek bolar emma ony hem hepdede 2 gezekden köp bermek bolmaýar. Şonuň üçin hem tebigatyň döreden bu ajaýyp jandary tebigatda erkin ýaşamagy has amatlydyr.
Ogulgerek ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby