40 ýyl töweregi ýüzenden soň, Antarktidanyň A23a aýsberg has ýyly suwlarda bölünip başlady.
Bilermenler aýsbergiň ýakyn hepdelerde düýbünden ýok bolup biljekdigini aýtýarlar. Ozal “mega-aýsberg” ady bilen tanalýardy we agramy bir trillion tonna töweregidi. Indi onuň meýdany ýarymdan gowrak azaldy we 1770 inedördül kilometre ýetdi. Ýewropa Bileleşiginiň Kopernik programmasynyň alan suratlaryna onuň ýüzüniň 60 kilometre ýetýändigini görkezýär.
Soňky hepdelerde 400 inedördül kilometre barabar ullakan bölekler buzdan aýryldy. Britaniýanyň Antarktidaky gözegçilik gullugynyň ýolbaşçysy Endrýu Meyjersyň pikiriçe, aýsberg demirgazyk tarapa hereketlendigiçe çalt dargaýar.
Aýsbergiň taryhy
A23a ilkinji gezek 1986-njy ýylda Antarktidadan bölünip çykdy, ýöne Ueddell deňziniň düýbünde 30 ýyldan gowrak wagt bäri doňup durdy. Diňe 2020-nji ýyldan soň süýşüp başlady we ummanyň güýçli akymlary sebäpli Günorta Atlantika ummanyna geçdi.
2025-nji ýylyň başynda aýsberg pingwin we tulen koloniýalaryna howp abandyrýan Günorta Jorjiýa adasynyň golaýynda saklandy. Soňra maý aýynda ýene bir günde 20 km aralygy geçip, demirgazyga tarap ýola düşdi.
Alymlaryň gelen netijeleri
Alymlar aýsbergiň bölünmegini ýyly suwlaryň we güýçli tolkunlaryň täsiri bilen düşündirýärler. Olaryň pikiriçe, A23a-nyň şunça wagtlap üýtgemän galmagy geň galdyryjy. Şol bir wagtyň özünde, buzuň eremeginiň tizligi adam işjeňliginiň netijesinde ýüze çykýan global howanyň üýtgemegi bilen baglanyşyklydyr diýip çaklaýarlar.
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby
Annakulow Oraz


