Muhomor we ýylan kömelekler barada çagalar bagynda hem köp adam eşiden bolsa gerek. Şeýle-de bolsa, bulardan başga-da, adamlar üçin howply kömelekler köp. Olary iýmek düýbünden gadagan, sebäbi az mukdarda iýmek hem ölüm howpludyr. Dünýädäki iň zäherli kömelekleriň käbir görnüşleri:
- Solgun ýylankömelek iň belli howply kömelekleriň biri bolmagynda galýar. Adamlar üçin öldüriji dozasy orta ölçegli kömelegiň güberçeginiň diňe 1/3 bölegi hem ýeterlikdir. Ýagny ol 30 g deňdir. Bu kömelegiň zäherli täsiri uzak wagtlap ýylylyk arkaly bejergi bilenem ýok edilmeýär.
- Ysly muhomor (ak ýylankömelek) solgun ýylankömelekden pes däl, sebäbi öldüriji dozalary deňdir. Howpy, gelinkömelege meňzeýär. Tejribesiz kömelek alýanlar tötänleýin kesip bilerler we soňundan ölüm howply zäherlenme alyp bilerler.
- Paxillus involutus 1981-nji ýyla çenli kömelekleriň 4-nji kategoriýasyna degişlidi, ýöne soňra zäherli toparlara girizildi. Onuň aýratynlygy, zäherlenmäniň alamatlarynyň derrew ýüze çykmazlygydyr. Käwagt iýilen kömelegiň özüni duýdurmagy üçin birnäçe aý gerek.
- Clitocybe dealbata gyzyl muhomordan has köp muskarin saklaýar. Zäherlenmäniň agyr alamatlary kabul edilenden 20 minut soň ýüze çykýar. Tejribesiz kömelek ýygýanlary kakyp bilýän çemenlik opýenok kömelekine meňzeýär.
- Ýeri gelende aýtsak, telpegi çal ýa-da goňur reňkli gyzyl muhomor we babyryň muhomory zäherli hasaplanýar, ýöne ölüm howply kömelekler däl. Babyryň muhomorynda alkaloidler bar, olary şeýle-de çakjagunduzda we dänegerçekde tapyp bolýar.
Gurbanmyrat Rejepow
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy