Dünýäniň beýik depeleriniň sanawyna hasap edip bilinjek deňiz derejesinden 7200 metr belentlikdäki daglar hem bar. Daglaryň beýiklik derejesi biri-birinden tapawutlanýar. Umumy alnanda dünýäde 117 beýik nokat bar.
Şolardan iň beýik ýedi nokady:
- Ewerest (Jomolungma ýa-da Çomolungma) – iň beýik nokat bolup onuň belentligi 8849 metre barabar. Ol Gimalaýda ýerleşýär.
- Akonkagua –belentligi 6960,8 metr. Günortada Amerkada ýerleşýär.
- Denali: (öňki ady Mak-kinli) belentligi 6194 metr. Demirgazyk Amerikanyň iň belent dagy.
- Kilimandjaro: belentligi 5895 m Afrika materigi.
- Elbrus: 5642m Ýewropa materigi.
- Winson massiwi: 4897 metr. Antraktidanyň iň beýik dagy.Massiwiň uzynlygy 21 km, giňligi 13 km. Bu dag barada 1957-nji ýylda belli boldy.
- Karstenz Piramidasy 4884 m Awstraliýa materiginde ýerleşýär.
Malli Mastan Babu atly hindi alpenisti bu ýedi nokadyň ählisine çykmagy başardy. 2006-njy ýylda bu depelere çykmak üçin bary-ýogy 172 gün sarp etdi.Bu ýeten üstünligi üçin ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň talyby
Bu makalany peýdaly gördüňizmi?Derrew täzelikleri almak üçin Google-da Gorogly.com-y yzarlaň.
+ Yzarlaň

