Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň peselmeginiň esasy sebäbi gurakçylykdyr. Gurakçylygyň iki görnüşi bardyr: topragyň gurakçylygy we howa gurakçylygy. Howa gurakçylygy howanyň temperaturasy ýokary we çyglylygy örän pes wagtlary, toprakda çyglylyk ýeterlik bolanda-da duş gelinýär. Sebäbi şeýle ýagdaýlarda ekinleriň kökleri, olaryň ýokarky böleklerine ýeterlik suw bermäge ýetişip bilmeýärler.
Howanyň çyglylygyny düýpli ýokary götermek we onuň temperaturasyny pese düşürmek suwaryşyň duman görnüşini ulanyp üpjün edilip bilner. Şeýle usulda ýörite gurallaryň kömegi bilen suw örän ownuk bölejiklere (dumana) öwrülýär. Şunlukda howanyň aşaky gatlagy, ekinler we belli bir derejede toprak çyglandyrylýar.
Duman görnüşi bilen ekinleri suwarmak baradaky ilkinji tejribeler 1935-nji ýylda inžener I.I. Zaýkin tarapyndan Russiýada geçirildi. Soňra emeli duman döredýän gurallar ABŞ-da, Angliýada, Italiýada we beýleki ýurtlarda döredildi.
Epgek öwsende howanyň temperaturasy 35-40 gradusdan ýokary geçýär, çyglylygy bolsa 30 göterimden aşak düşýär. Şeýle ýagdaýlarda ekinleriň ýapraklaryndan bugaryp gidýän suw birnäçe esse artýar, ekinleriň kökleri olaryň ýokarky böleklerine suw berip ýetişip bilmeýärler. Netijede olar suwsyz horlanýarlar, hasyllylygy pese düşýär, kä halatlarda bolsa olar gurap galýarlar.
Eger şeýle ýagdaýlarda duman görnüşli suwaryş usulyny ulansaň, onda howanyň temperaturasy 5-10 gradus pese gaçýar, çyglylygy ýokarlanýar.
Epgek döwründe duman görnüşli suwaryş usuly yzygiderli ulanylmalydyr, adaty wagtda bolsa, ony 3-5 günden 25-30 güne çenli ulanmak ýeterlikdir.
Hasaplamalara görä asuda howada emeli dumanyň täsiri 5-6 km-e, durnuksyz howa ýagdaýynda bolsa 1-1,5 km-e ýetýär. Şunda bir gektara bir sagatda 1 kub. metr suw sarp edilmelidir.
Duman görnüşli ekinleri suwarmak usuly häzir birnäçe ýurtlarda tejribe desgalarynda giňden öwrenilýär.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby