Häzirki wagtda ekologiýa meselesi dünýäniň iň möhüm meseleleriniň birine öwrüldi. Ekoturizm — tebigata zyýan bermezden syýahat etmek Ekologiýa meselesiniň oňyn çözülmegine biziň her birimiz kömek edip bileris. Ekologiýa üçin näme edilip bilinjekdigimiz barada gysgaça:
Gazetleri gaýtadan işlemek üçin beriň, bu, planetanyň agaçlarynyň köpüsini gorar.
Plastiki çüýşelerde az suw satyn alyň. Olaryň çüýremegi üçin müňlerçe ýyl gerek bolýar. Onuň ýerine bir çüýşäni köp gezek ulanmak, ýa-da suw süzgüçleri gurmak has peýdalydyr.
Dürli agaçlary oturdyň. Şeýle hem bu keýpiňizi ýokarlandyrar, öýüňiziň daşyny bezär we satuwda bahasyny ýokarlandyrar.
Kitaphana ýazylyň, dükanlarda kitap satyn almaň – şeýle etmek bilen köp kagyz tygşytlarsyňyz.
Köne jübi telefonlaryňyzy gaýtadan işlemek üçin beriň. Her ýyl zir-zibil taşlanýan ýerde takmynan, 130 million telefon tapylýar, ol bolsa wagtyň geçmegi bilen daşky gurşawa zäherli elementleri çykarýar.
Kompýuteriňizi gijesine öçüriň, ony uky ýagdaýynda goýmaň — bu günde 40 wata çenli elektrik energiýasyny tygşytlar.
Kagyzyň iki tarapyny ulanyň, printeriňizi deslapky görnüşde iki tarapa çap etmek üçin düzüň.
Agaç oturdyň we köpeldiň.
Guş jaýyny, höwürtgeleri gurmak.
Guş iýmitlendirijisini, guş içgisini wagtynda asyň we dolduryň.
Halas etmek, dikeltmek, haýwanlary hasaba almak taslamalaryna meýletin gatnaşyň.
Tigir sürmek we has köp ýöremek-şäherlerdäki howanyň hapalanmagynyň 80% -i awtoulaglar tarapyndan bolýar. Şonuň üçin jemgyýetçilik transportyny we umumy syýahat hyzmatlaryny ulanmak ýaly ýönekeý ädimler atmosfera CO2 zyňyndylaryny azaldýar. Tigir sürmek we ýöremek saglyk üçin hem peýdalydyr.
Gereksiz zatlary paýlaň we satyň, zibil mukdaryny azaldyň.
Çagalarda we uly adamlarda tebigata bolan söýgini ornaşdyrmak.
Ogulmaýsa Garaýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby