Ata-babalarymyz daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamagyň asylly ýörelgelerini, tebigata aýawly garamagyň däplerini miras goýupdyrlar. Bu gymmatly däpleri asyrlarboýy kämilleşdirilip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy esasynda täze mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar.
«Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy», «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balykçylyk we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Öri meýdanlary hakynda», «Galyndylar hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti örän uludyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine hil taýdan täze itergi berilýär. Aral meseleleri hem-de bu meseleleri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň aýratyn ugurlarynyň hataryna çykarmak boýunça degişli ädimler ädilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi aýratyn bellenilmelidir.
Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdaýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak alyp barýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby



