Fizalis (lat. Physalis) Itüzümler (Solanaceae) maşgalasyna degişli ösümlikleriň iň uly görnüşidir. Ownuk fizalis miweleri hytaý kagyz çyrasyna meňzeş gabykda gizlenýär. “Physalis” grek dilinden gelip çykyp, “haltajyk” diýen manyny berýär. Iýilýän görnüşiniň watany Günorta Amerikada hasaplanýar. Iň gadymy fizalis, Argentinanyň Eosen ýataklaryndan tapyldy. Ol köp ýyllyk (köplenç birýyllyk) düýbünde baldagy agaçlaşan otjumak ösümlikdir. Ýylylygy söýüji, aýaza durnuksyz hasaplanýar. Gabygy ilkibaşda gülländen soň miweden hem has çalt ösýär. Miwe doly bişensoň, gabyjak gurap, reňki üýtgeýär. Fizalis ösümligi tagamy şireli, süýjümtik turşudyr. Fizalisiň miwesiniň himiki düzüminde saklanýan C witamini we demir mukdary boýunça süýji burçdan we pomidordan has ýokarydyr.
Lukmançylykda fizalis üsgülewük, ysgynsyzlyk we bokurdak agyrylary üçin dermanlyk hökmünde ulanylýar. Medisina, diuretik, çişmä garşy we analjezik aýratynlyklary üçin fizalis miwelerine baha berýär. Fizalis miweleri böwrek daşlaryna, diş agyrylaryna we çişmä garşy ulanmak üçin maslahat berilýär.
Aýnur GLYJOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby