Täze Zelandiýa gara almanyň gelip çykan ýeri hasaplanylýar, ýöne bu adaty bolmadyk miwe görnüşi Tibetde aýratyn orun we meşhurlyk gazandy. Esasy bu agaçlary deňiz derejesinden 3 kilometrden gowrak belentlikde ösdürip bolýar. Hut şu beýiklikdäki bag ilkinji gezek 2011-nji ýylda döredilip gara alma ekilip başlandy. Bu beýiklik tötänleýin saýlanmady, sebäbi bu almalaryň üstünlikli ýetişmegi üçin köp mukdarda gün şeýle-de ultramelewşe şöhleleri gerek. 2015-nji ýylda gara miweleriň ilkinji hasyly ýygnaldy we bagbanlar haýran galdylar sebäbi synag üstünlikli boldy, ýöne şowly boldy diýmek kyn. “Gara göwher” adyny alan bu görnüş diňe bir daşky aýratynlyklary bilen däl, eýsem tagamy bilen hem ýeňmegi başaran dünýä belli gara alma görnüşidir.Bu miwede örän peýdaly elementleriň we minerallaryň goşundylary bardyr. Daşky görnüşine üns bersek ýalpyldawuk öwüşginli, ortaça ululykda, goýy gyrmyzy reňkdedir.
Hasyly uly iki topara bölmek bolýar, 30%-li daşky we tagam aýratynlyklaryna laýyk gelýän birinji derejeli miwelerdir. Ýöne hasylyň galan köp bölegi diýen ýaly ýaramly däl we şonuň üçin hem bazara çykarylmaýar. Bu almany kilogram ýa-da guty bilen satyn almak adaty zat.Esasy zat bu görnüş hytaýlylar tarapyndan ýörite sowgat gutularynda 5-8 bölekden ybarat bolan kiçi toparlarda satylýar. Bir almanyň bahasy ortaça 20 dollara barabar. Şonuň üçin Hytaýa ýa-da Tibete gitjek bolsaňyz, ýakynlaryňyza sowgat hökmünde şeýle tanyş we şol bir wagtyň özünde ajaýyp miweleri getirip bilersiňiz.
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby