Türkmen tebigatynyň baýlygy
Tebigat türkmen topragyny durşy bilen baýlyga besläpdir. Garagum çöli içinde bitýän şirinden-şirin datly nygmatlary, derde derman ösümlikleri hasaba almanyňda-da, ýerasty we ýerüsti baýlyklar sanardan kän. CentralAsia.news internet neşiri tehniki ylymlaryň doktory Allaberdi Ylýasowyň şeýle baý gorly baýlyklarymyzyň biri baradaky ylmy makalasyny okyjylara ýetirdi.
Garagum çölüniň altyn öwüsýän çägesi durşuna baýlyk. Onuň düzümindäki kwars çägesi dünýä ykdysadyýetinde uly islege eýe bolan çig mal hasaplanýar.
Kwars elementi
Kwars çägesi — bu ululygy 5 millimetrden uly bolmadyk, bir mineral düzümden ybarat organiki däl maddadyr. Kwars çägesiniň baý gorlary, esasan-da, Köpetdagyň günortasynda, suw akabalarynyň gutarýan ýerinde köp duş gelýär. Sazak, Ufrin, Kubataw we Kernaý känleri altyn öwüsýän bu görnüşli çägäniň baý gorly künjekleridir.
Reňkli oksidli kwars çägesiniň 2,5 million tonnalyk gory Bäherden etrabynda, 80 million tonnalyk gory bolsa Mänede ýerleşýär. Galyňlygy 57 — 72 metre ýetýän bu ýerlerdäki känleriň emele gelmegini irki paleogen deňiz çekilmesi bilen baglanyşdyrýarlar. Kwars çägesiniň gorlary we kwarsa baý kaolin we bentonit palçygynyň känleri Türkmenistanyň demirgazyk-günbataryndaky Tüwergyrda, Oglanlyda, Änewde, Büzmeýinde, Gubadagda, Uly we Kiçi Balkan dagynda, Günbatar Köpetdagda duş gelýär.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini öçürmäge gyzyklanma bildirýär
Kwars elementi Ýeriň üstki gatlagynyň 17 göterimini düzýär. Element görnüşli maddalara başga-da 197 görnüşli maddalar girýär. Bu element islendik dag jynsly maddalarda duş gelýär. Has dogrusy, dag jynsly maddalaryň düzüminiň ýarysyndan gowragy şu maddadan düzülýär. Kwars çägesinden zerur bolan gurluşyk serişdeleriniň taýýarlanýandygy üçin ony altyna barabar gymmatly çig mal hasaplaýarlar. Ondan alynýan kwars aýnasy şolaryň esasylarynyň biridir. Soňky ýyllarda bu gymmatly çig mal kompýuterleriň, smartfonlaryň we telewizorlaryň gibrid platinalarynyň önümçiliginde hem giňden ulanylyp başlandy. Dünýä boýunça her ýylda 1,2 million tonna kwars çägesi şu maksatlar üçin sarp edilýär. Önümçilikde ulanylýan kwars çägesiniň esasy bölegi aýna, faýans we farfor önümçiliginde, aýna örtükli geçiriji süýümleriň önümçiliginde, litiý almakda ulanylýar.
Dünýäde tehnologiýa we aragatnaşyk ulgamynyň enjamlarynyň öndürilişiniň, ulanylyşynyň artýandygyny göz öňünde tutsak, kwars çägesine baý bolan ülkämizde bu pudagyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmekde netijeli boljakdygyny aýdyp bolar. Kwars çägesinden aýna önümlerini öndürýän kuwwatly döwrebap kärhana 2017-nji ýylda paýtagtymyzyň demirgazygynda açylyp ulanmaga berildi.