Afrikaly arylar “öldüriji ary” hökmünde hem bellidir. Afrikanlaşdyrylan bal ary, (Lat. Apis mellifera scutellata) Ýewropada giňden ýaýran arylaryň birnäçe görnüşi bolan afrikaly arynyň gibrididir. Taksonomik birligine girizilmedik bal ary topary. Kesgitleriň gibridlenmegi we köpelmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýar.
1956-njy ýylda geçirilen synag wagtynda Braziliýada ösdürilip ýetişdirildi. Braziliýaly entomolog we genetik Uorwik Kerr balçylaryň haýyşy boýunça bu osoblary Afrikadan (Tanzaniýa) getirdi. Afrika arylarynyň oňat fiziki güýji we hasyllylygy sebäpli Kerr Braziliýanyň yssy howasynda has gowy guruljak gibridizasiýa arkaly kiçi bölüm döretmek kararyna geldi. Şeýle-de bolsa, ýalňyşlyk bilen täze gibridiň ene arysy alymlar tarapyndan 1957-nji ýylda erkinlige goýberildi we adaty arylar bilen jübütleşip, önümli nesil öndürdi.
Olary çaknyşdyrmak boýunça eksperiment Rio-Klara uniwersitetiniň Genetika merkeziniň ýörite laboratoriýasynda geçirildi. Öz-özünden öýjük edinmäniň öňüni almak üçin, alym arylaryň öýjüklerine diňe işçi arylar geçip biler ýaly ýörite ýapy goýdy we çykyş has uly erkek we ene arylary üçin ýapyldy. Synag bir ýyl töweregi üstünlikli dowam etdi, emma bir gün garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy. Bu gorag ýapylar näbelli sebäplere görä açylan ýagdaýdady we “täze çykan” ary koloniýalarynyň 26-synyň hemmesi erkinlige çykdy.
Synag ýapyldy, hemmeler kabul etdi we köşeşdi, ýöne bu asudalyk uzaga çekmedi. Edil 5 ýyl soňra, 1960-njy ýyllaryň başynda arylaryň adamlara we mallara hüjüm edilýändigi barada maglumatlar gelip başlady. Bu agressiýanyň sebäbine hiç kim düşünmedi. Soňra bularyň hemmesiniň şol bir uçýan “üýtgedilen” afrikaly arylaryň hileleridigi ýüze çykdy. Bu döwürde olar ýerli ary görnüşleri bilen gibridleşip, uly ýerlere ýaýradylar.
Olar ululygy we adatdan daşary agressiwligi bilen tapawutlanýar. Afrika arylaryndan miras galan fiziki güýç afrikaly arylara ýokary ýaşaýyş, dürli howa şertlerine garşylyk we adaty arylardan iki esse köp bal öndürmek ukybyny berdi. Bu arylar has çalt uçýarlar, işlemäge has ir başlaýarlar we giç gutarýarlar.
Tokaýlara ýaýransoň, oba ýerlerinde we şäherlerde afrikaly arylar peýda bolup başlady. 1967-nji ýylda Rio-de-Janeýro aýlagynda öýlere hüjüm eden bir topar arynyň maşgalasy hasaba alyndy. Halas ediş gullugynyň olara garşy ot ýakmak synanyşyklary şowsuz boldy. 150-den gowrak adam we birnäçe ýüz haýwan bal ary çakmasyndan öldi.1990-njy ýyldan bäri Amerikanyň günortasynda bardygy bellenilip geçilýär. Olaryň çölde ajaýyp ýaşap biljekdigi ýüze çykaryldy.
Ýusupmyrat Garaýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby