GIBRID ÇAÝ BÄGÜLLERI
Gibrid çaý bägülleri 1867-nji ýylda Fransiýaly Giýo atly seçgiçi tarapyndan ösdürilip ýetirşdirilen LaFranсe atly sortyndan gelip çykypdyr. Bu üýtgeşik sort remontant (ýylda birnäçe gezek gülleýän) we çaý bägülleriniň çaknyşdyrylmagy bilen alnypdyr. Munuň netijesinde 10000 biri-birinden tapawutly dürli sortlar ýüze çykaryldy. Şeýlilikde olar gyrymsy agaçlarynyň ululygy we beýikligi, gülleriniň görnüşi we reňki bilen tapawutlanýar. Gibrid çaý gülleri, güllerinden täze kesilen çaýyň gaty üýtgeşik ysynyň bolmagy we güllemek döwrüniň dowamlylygy bilen tapawutlanýar, ýagny ilkinji tomus günlerinden güýzüň ahyryna çenli dowam edýär.
Ýönekeý düzgünler berjaý edilende bu ösümlik özüniň köp gülleri bilen begendirer.Şeýlelik-de bir şahada ýedä golaý birnäçe ýaprakly güller bolar, olaryň umumy sany 30-dan 130-a ýetip biler.Emma bu ösümlik örän ynjyk bolup, çydamsyzdyrlar.Şonuň üçin bu güllere diňe bir gowy däl-de, eýsem dogry ideg edilmelidir.
La Franсe-bu bägüliň gyşa çydamly görnüşi beýlekilerden ýapraklarynyň adaty däl reňki bilen tapawutlanýar.Ýokarky bölegi gülgüne-kümüşsow, aşaky bölegi açyk gülgüne reňkdedir.Mahmal gülleriniň (60 ýaprak) diametri 10 santimetre ýetýär.Örän ýiti ysy bar.
Häzirki wagtda islendik bagy aňsatlyk bilen üýtgedip bilýän bu ajaýyp gülleriň has köp täze görnüşleri ösdürilýär.
Merjen Kaipowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy