Deňiz jandarlarynyň dürlüligi şeýle köp welin adamzat olary entek doly öwrenip bilenok. Deňiz jandarlary özüniň aýratynlyklary bilen häli-şindi haýrana goýýar. Mysal üçin, adaty gidroid meduza hiç haçan garrap ölmeýärler. Olar ýer togalagyndaky ömürlik ýaşamaga eýe bolan ýeke-täk jandarlar bolsa gerek.
Gidroid meduza boşiçegeliler tipine degişlidirler.Olar şekili boýunça şar, saýawan we ýüzük şekilli bolup bilerler. Meduzalarda agyz boşlugy ýok emma, agyz hortumjygy bardyr.Gidromeduzalaryň nerw ulgamy saýawan şekilli bedeniň gyrasynda iki halka emele getirýän öýjükler ulgamydyr. Daşkysy duýgurlyga, içkisi herekete jogap berýär.Olaryň käbirinde murtjagazynyň ýanynda ýagtylyk duýujy gözleri-de bar. Olaryň murtjagazlary saýawan şekilli göwresiniň gyralarynda ýerleşýär, olar hem el degirme organy we aw guraly hökmünde hyzmat edýär. Meduzalaryň süňleri hem ýok, emma hereket etmäge mümkinçilik berýän myşsalary bar. Olardan Sifonoforlar, hondroforlar, gidrokorallar, trahilidlar diňe deňizde ýaşaýarlar. Ýöne diňe liptolid atly görnüşi süýji suwda hem ýaşap bilýär. Meduzalaryň aglaba köplügi deňizde ýaşaýarlar, süýji suw howdanlarynda az bolýarlar. Olaryň käbiri ýylylygy, beýlekileri bolsa sowugy halaýarlar. Gidroidleriň ýaşaýyş aýlawyndaky ilkinji nesli polipdir. Ikinji nesil dury bedenli meduza, olaryň beýle bolmagynyň güýçli ösen mezogleýanyň bolmagydyr. Gidroidleriň bütin dünýäde ýaýramagy henizem ylym üçin düşnüksizdir.Olary Amerikada, Aziýada, Afrikada we Awstraliýada görüp bilersiňiz.
Şamuhammet Söýünow
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby