Gowaçanyň syna aýratynlyklary. Alym-ekerançy gowaçanyň kök ulgamyny kadaly ösdürmek üçin ähli agrotehniki çäreleri wagtly wagtynda geçirmeli. Ideg çäreleriň wagtly wagtynda geçirilmegi kök ulgamynyň ösüşine täsir edýär. Ol hem öz gezeginde gowaçanyň ýerden ýokarda ösýän organlaryna, ýagny, baldaga, ýapraga, güle täsir edýär, ol hem hasyllylyga täsir edýär. Bularyň hemmesi biri-biri bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Kök ulgamynyň özboluşly ösüşiniň kanunalaýyklygy bar, şol kanunalaýyklar agrotehniki çäreleri işläp düzmäge ýardam edýär.Netijede, ýokary hilli bol hasyl alynýar.
Gowaçanyň kök ulgamy ok kök ulgamyna degişlidir. Ok kök,kök boýunjagazyndan başlanýar, onuň uzynlygy 1-1,5 sm bolýar, ýöne gowaçanyň tipine, sortuna, ösýän ýerine baglylykda kök boýunjygynyň Ýogynlygy 3 sm çenli bolýar.Ok kök aşaga gitdigiçe inçelýär, 20-25 sm çuňlukda diametri 1-2 mm çenli inçelýär. Soňra aşak gitdigiçe şol ululyk saklanýar, inçelmeýär. Agranom gowaça gögerip çykan gününden başlap agrotehniki çäreleri maksada laýyk geçirse, onda kök ulgamy dogry ösüp hasyllylyk köpeler.
Jumaniýazow Sapa
Türkmen oba hojalyk instituty 3-nji ýyl talyby


