Türkmenistanda gowaçada şirejelere we beýleki sorujy zyýankeşlere garşy göreşde ýyrtyjy kekeneleriň uly ähmiýeti bar. Olardan has köp duş gelýäni iki, ýedi nokatlyja kekenelerdir (süýt okaradyr). Ýedi nokatly tomzagyň ululygy 6-9mm bolup olaryň liçinkalary bir gije-gündizde şirejeleriň 200-300 sanysyny iýýär. Mör-möjekleriň şu maşgalasyna degişli başga-da birnäçe görnüşleri duş gelýär. Olardan üýtgäp duran kekene, on bir nokatly kekene we ondört nokatly propileýa gowaçada duş gelýärler. Ondan başga-da birnäçe peýdaly mör-möjekler bolup olardan:
Enkarziýa — Bu entomofaglar örän owunjak 0,66-0,81mm barabar möjekdir. Enkarziýanyň bedeni garamtyl-goňur, murty we aýaklary sarymtyl reňklidir. Bu möjegiň atalyk jynsy enelik jynsyndan ululygy bilen tapawutlanýar.
Trihogrammanyň — aýratynlygy başga mör-möjekleriň (esasanam sowkalaryň) ýumurtgalarynyň içini deşip öz ýumurtgalaryny ýerleşdirýänligidir. Netijede zyýanly mör-möjekleriñ sanynyň kemelmegine ýardam edýär we şonuň üçin olara peýdaly diýilýär. Olar sowkalaryň ýumurtgalarynyň içinde gurçuk görnüşinde gyşlaýarlar. Bahar aýlary ösümlikleriñ nektary bilen iýmitlenip, jübütleşip ýumurtgalaryny sowkalaryň ýumurtgasynyň içine ýerleşdirýär.
Gabrobrakon — möjejigi zyýankeşlere garşy göreşiň biologik usulynda giňden ulanylýan esasy tebigy görnüş hasaplanylýar. Bu entomofagyň urkaçysynyň her biri 100-den 800-e çenli ýumurtga goýmaga ukyply. Ýumurtgalarynyň ululygy juda ujypsyz bolup olaryň uzynlygy 0,4-0,5mm-e, ini bolsa 0,2 mm-e barabar bolup, ak süýt reňklidir. Ýumurtganyň daşky keşbi silindr şekillidir. Gabrobrakonyň ýumurtgalaryndan agymtyl sary reňkli liçinkalar döreýärler. Liçinkalar 3 ýaşaýarlar we gundaga öwrülýärler. Gabrobrakon sowkalaryň gurçuklarynyň göwresine zäherini göýberenden soňra, gurçuklar hereketiniň ugruny ýitirýärler, işjeňligi peselýär, hereketi gowşaýar, ysmaz bolýar we ahyrda gurçuklar zäheriň täsirinden ölýärler. Urkaçy gabrobrakonlaryň her biri öz ömrüniň dowamynda gurçuklaryň 30-dan 175 çenlisini ysmaz edip bilmäge ukyplydyr.
Altyngözlüje — Peýdaly mör-möjekleriň içinde iň netijelileriniň biri-de altyngözlüjäniň liçinkasydyr. Onuň liçinkasy mör-möjekleriň 76 we sakyrtgalaryň 10 görnüşi bilen iýmitlenýär. Ony oba hojalyk ekinleriniň esasy zyýankeşleri bolan bakja, erik, gowaça, ýorunja şirejelerine, armyt, alma ballyjalaryna, sowkalara, güýelere, zyýanly ýasmyga, kerepli sakyrtgalaryň garşysyna ulanyp bolýar. Altyngözlüjäniň 1 liçinkasy öz ösüşiniň dowamynda 230-a golaý şireje ýa-da 361 sany kerepli sakyrtganyň liçinkasy bilen iýmitlenýändigi ylmy taýdan subut edildi.
Şeýda Setdarowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby