«LETI» Sankt-Peterburg döwlet elektrotehniki uniwersitetiniň hünärmenleri gün batareýalary üçin elementleriň önümçiligindäki kemçilikleri ýüze çykarýan neýrotor döretdiler.
Häzirki wagtda gün energiýasy alternatiw energiýanyň iň geljegi uly görnüşlerinden biridir. Gün energiýasy üçin elementler has amatly we giňden ýaýran ýarymgeçiriji materialdan — kremniden döredilýär. Döwrebap kremniý öýjük önümçiliginiň bütinleý diýen ýaly awtomatlaşdyrylandygyna garamazdan, dürli tehnologiki amallaryň arasynda kremniý plastinleri daşamakda kemçilikler ýüze çykýar.
Silikon plastinleriň kemçiliklerini ýüze çykarmak elektrolýuminessensiýanyň täsiri bilen amala aşyrylýar. Onuň düýp manysy, kremniý gün elementine naprýaženiýe ulanylanda, infragyzyl kameranyň (IR) kömegi bilen anyk kesgitlenýän ýüzüniň ýalpyldawuklygy (elektrolýuminessensiýa täsiri). Üst ýüzünde kemçilik ýok bolsa, gün elementi deň derejede ýagtylanýar. Kemçilikleriň barlygy dürli derejeli ýagtylanma meýdanlary bilen görkeziler.
Alymlar Nowoçeboksarsk şäheriniň “Hevel” LLC kompaniýasynyň önümçilik liniýasynda 100 müňden gowrak kremniý gün elementleriniň IR şekilleri bolan maglumatlar binýadyny ýygnadylar we gaýtadan işlediler. Bu maglumatlara esaslanyp, hünärmenler neýrotora gün elementleriniň önümçiliginiň dürli döwürlerinde ýüze çykýan dürli kemçilikleri ýokary derejede anyklamagy we toparlara bölmegi öwretdiler. “Önümçilik döwründe kemçilikleriň sany 0,2–0.3% bolsa-da, gün energiýasy üçin bu gün elementiniň netijeliligine ep-esli täsir edýär. Indi ýokary öndürijilikli kremniý gün elementlerini öndürijiler göterimleriň her ondan biri üçin göreşýärler. Analitik guralymyzy ulanyp, diňe bir kemçilikleri kesgitläp bilmän, önümçilik liniýasynyň nirede ýüze çykýandygyna hem düşünip, soň bolsa ýok etmek bolar. Şeýlelik bilen, döreden usulymyz “Hevel” LLC kompaniýasynda önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi «-diýip, «LETI «Sankt-Peterburg elektrotehniki uniwersitetiniň fotonika kafedrasynyň professory we Ylmy-tehniki gözlegleriň baş müdiriniň orunbasary Ýewgeniý Terukow belleýär.
Muratgeldi REJEPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby