Gündogar biotasynyň häsiýetnamasy
Gündogar biotasynyň tohumlary güýz aýlary Sentýabr aýy bişip ýetişýär. Gozalar bişen ýagdaýynda goňur reňkli, etlek, entek teňňeleri açylmadyk bolýar. Bu döwür tohumlyk üçin gozalar ýygnalyp alynýar. Gozalar ýygnalyp alnandan soň, kölegede guradylýar we tohumlar gozalardan arassalanyp, mata ýa-da kagyz haltajyklarda 8-10% çyglylykda ekiş wagtyna çenli saklanýar. Ekiş üçin dok we doýgun tohumlar saýlanyp alynýar. Fewral aýynyň başyna arassalanan tohumlar ekişden 15-20 gün öň 0,05%-li marganes turşy kaliniň (margansowka) ergininde bir gije-gündiziň dowamynda ezilip saklanýar. Ezilip çişen tohumlar stratifikasiýa edilýär. Onuň üçin ýuwlan çägede 1kg tohuma 2 kg çäge garyp, 70% çyglylykda 16-20°C temperaturada saklanýar.

Çägä garylan tohumlaryň üsti 2-3 sm arassa çäge bilen örtülýär. Şeýle edilende tohumlar 10-15 günde şineleýär.Gündogar biotasy şorlaşmadyk ýa-da çala şorlaşan topraklarda ösüp boý alyp bilýär. Topraklary ekişe taýýarlamak işi güyz aýlarynda güýz sürümini geçirmek bilen başlanýar. Gündogar biotasy gurakçylyga, yssa, sowuga, aýaza çydamly pürli agaç. Güýz sürüminiň aşagyna 20 t/ga çüýrän ders, fosfor dökünleri (180 kg/ga), kaliýniň (70 kg/ga) ähli mukdary berilýär. Sürümden soň ýerler suwarylýar. Fewral aýynyň ikinji ýarymynda tohumlar ekiljek ýerlere tagt suwy tutulýar. Ýerler taba gelenden soň, fosfor döküni (135 kg/ga) we azot dökünleri 120 kg/ga (1/3) mukdarda ekişden öň berilýär. Soňra ýerler agdarylýar we joýalar çekilýär. Mart aýynyň 20-sinden aprel aýynyň birinji ongünlüginde ekiş geçirilýär. Şonda 1 gektara 100 kg tohum harçlanýar. Tohumlar joýanyň üstüniň iki tarapyna çyzyk görnüşinde sepilip ekilýär we üsti 2-3 sm çäge, ders we agaç garyndysy bilen gömülýär.
Wirgin arçasynyň ösdürilip ýetişdirilişi we umumy häsiýetnamasy
Wirgin arçasynyň tohumlary güýz (noýabr) ýa-da ýaz (mart) aýlary ýygnalyp alnandan soň, tohumlar gozalardan arassalanyp, 8-10% çyglylykda mata haltajyklarda saklanýar. Ekiş üçin dok we doýgun tohumlar alynýar. Tohumlar ekişden 4 aý öň stratifikasiýa edilýär. Ýagny, 1 kg tohuma 2 kg ýuwlan çäge garylyp, 70% çyglylykda 3-5°C ýylylykda 120 gün saklanýar. Çäge garylyp saklanýan tohumlaryň üsti 2-3 sm arassa çäge bilen örtülýär.Wirgin arçasy şorlaşmadyk, çala şorlaşan topraklarda ösüp bilýär. Orta şorlaşan toprakda kynlyk bilen ösýär. Şonuň üçin olaryň köpüsi guraýar.
Topraklary ekişe taýýarlamak we ekiş geçirmek çäreleri edil Gündogar biotasyny ekmek üçin geçirilişi ýaly edip geçirilýär. Tohumlar gerşiň üstüniň iki tarapyna çyzyk görnüşinde sepilip ekilýär we üsti 3-4 sm çäge, ders we agaç garyndysy bilen gömülýär.Şitiller ösüp çykyp başlandan soň kölege bermek işi geçirilýär. Gün şöhlesinden ösümlikleri goramak işi olaryň üstüni örülen gamyşlaryň, sypallaryň we beýleki materiallaryň kömegi bilen ýapmak arkaly ýerine ýetirilýär. Şitilleriň üstüni ýapmak üçin köplenç 1×1 m; 1,5×0,8 m; 2×1 m ölçegde gözenek görnüşinde örülen gamyşlar peýdalanylýar. Kölege berýän örülen gamyşlar şitiller gögerip başlandan 20-30 günden tä kök boýunjygy agaçlaşýança saklanýar. Olar çygly, bulutly howada aýrylýar. Bu gamyş torlar ýörite gazyklara berkidilýär ýa-da 45 gradus burç bilen hatarlaryň günorta tarapyna goýulýar.
Türkmen oba hojalyk instituty
1-nji ýyl talyby Gumanowa Aýbibi


