Gündogar hurmasy (Diospyros kaki T.) – uzak ýaşaýan, boýy 12-15 metr-e ýetýän miweli agaçdyr. Esasy we gapdal kökleri gowy ösendir. Ýapragy iri, süýnmek we tegelek görnüşinde bolup, ol galyňdyr. Esasy baldagy çal reňkli bolup, köp ýaşan agaçlarynyň gabygy jaýrylýar. Birýyllyk şahalary goňur reňkli bolýar.
Hurmanyň ýylyň dowamyndaky ösüşinde baldaklaryň iki döwürde — ýazda ösümlikler gülleýänçä we tomusda düwünçek emele gelenden soň çalt ösýän döwründe bellenýär. Gündogar hurmasy çygly subtropik zolakdan gelip çykan, çalt ösýän we tiz hasyla durýan miweli bagdyr. O1 biziň ýurdumyzyň şertlerinde 3-4-nji ýyl hasyl berip başlaýar we 7-8-nji ýyl doly hasyla durýar. Miwesi uly (400 gramdan ýokary), görnüşi we reňki boýunça dürlüdir, esasan, gyzylymtyl ýa-da mämişi reňklileri agdyklyk edýär.
Hurmanyň ýylylyga talaby. Subtropiki miwelileriň içinde hurma özüniň sowuga çydamlylygy bilen tapawutlanýar we howanyň temperaturasynyň -220C çenli sowamagyna çydaýar. Gündogar hurmasyna -250C sowuk uly zyýan ýetirýär. Ýöne ir baharda pyntyklaryň oýanyp başlan wagtynda howanyň temperaturasynyň -50C çenli aşak düşmegi olar üçin howply hasaplanýar.
Ogulnur ORAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby