Günebakaryň Demirgazyk Amerikada ýaşaýan indeýler tarapyndan 2000 ýyl mundan öň ekilipdir. Bu ekin, ady bilen tanalýar. Günebakar — Helianthus annus L. Astralar maşgalasyna degişli bolup, bir ýyllyk ösümlikdir. Onuň ok kök ulgamy 2-4 metre çenli ýetýär, gapdal kökleri bolsa 120 santimetre ýaýraýar. Boýy 2,5-5,0 metr, emma boýy 50-70 santimetr bolan pes boýlulary hem önümçilikde giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Günebakaryň medeni görnüşi köp ýyllaryň dowamynda geçirilen seleksiýa işleriniň netijesinde ýabany görnüşinden döredilipdir.
Günebakar ýagtylygy söýüji ekindir. Şonuň üçin ol günüň güli (grekçe Helio-gün, anthus-gül) diýlip hem atlandyrylýar. Günebakar gün haýsy tarapa geçse, onuň sebediniň şol tarapa öwrülýändigi üçin şeýle atlandyrylandyr.
Günebakaryň ýapraklarynda we güllerinde flawonoidler, glikozidler, karotinler (β-karotin, kriptoksantin), fenolkarbon kislotalary ýaly maddalar bar. Onuň tohumynda 40-52% ýag, 20%-e çenli belok, 25%-e çenli uglewod, şeýle hem sterinler, fosfolipidler, PP we E witaminleri, ýag kislotalary saklanýar. Onuň gowrulmadyk 100 gram çigidi adamyň bedeni üçin bir gije-gündizdäki zerur bolan E witaminiň kadasynyň 130%, B5 witaminiň 70%, B6 witaminiň 40%, belogyň 39%, fosforyň 115%, misiň 92%, sinkiň 35%, magniniň 32%, kaliniň 24% we demriň 21% mukdaryny dolup bilýär.
Günebakar ýagynda witaminleriň we ýokumly maddalaryň saklanýanlygy sebäpli köp keseli bejermek üçin ulanylýar. Günebakar ýagy adam bedeni üçin witaminleriň we ýokumly maddalaryň tutuş çeşmrsi bolup hyzmat edýär. Bu ýagyň dermanlyk maksatly ulanylmagy, düzümi bilen doly kesgitlenýän häsiýetlere eýedir. Günebakar ýagynda köp mukdarda doýmadyk ýag kislotalary adam bedeninden zyýanly holesterini çykarmaga we gan damarlarynyň diwarlaryny berkitmäge kömek edýär.
Öýjük membranalarynyň we nerw süýümleriniň emele gelmegine gatnaşmak bilen doýmadyk ýag kislotalary ateroskleroz we beýleki ýürek-damar kesellerine garşy öňüni alyş serişdedir. Günebakar ýagyndaky inulin immuniteti ýokarlandyrýar we metabolizmi gowulandyrýar, şonuň üçin günebakar ýagyny ulanmak süýji keseli üçin hem aşa peýdalydyr. Ýagyndaky fitin süňkleriň we nerw ulgamynyň ösmegine oňyn täsir edýär. Gözüň görüjiligine gowy täsir edýär, saç düşmegiň öňüni alýar we bedeniň kadaly ösmegine goşant goşýar.
Bazarbaý ALLANAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby