Tebigat, öz içine dürli täsinlikleri we hazyna ýaly gizlinligi siňdirýär. Ol bizlere çäksiz täsinlikleri we dowamly gözlegleri hödürleýär. Şol gözellikleriň biri hem guýrukly kebelekdir.
Kelebekleriň bu görnüşi diňe ajaýyp däl, eýsem geometriki ajaýyp şekili we çylşyrymly reňk gurluşlary bilen üns çekýär. Kebelek Argema mittrei (Madagaskar kometasy) tawus göz maşgalasyna (Saturniidae) degişli bolup bu kebelek Madagaskar adasynyň endemigidir. Madagaskar kometasy, iň owadan we iň uly kebelekleriň biridir. Bu kebelegiň ganaty 14-16 sm, hatda 20 santimetre ýetip bilýär. Her ganatyň ortasynda gara nokady bolan bir uly goňur “göz” bar. Uzyn guýruklary aşaky ganatdan emele gelen. Ýagny kebelegiň guýruklary aşaky ganatyň ösüntgisidir.
Guýrukly kebelek islendik kebelek ýygnaýjylar üçin gyzyklanma döredýär. Ol bary-ýogy birnäçe gün ýaşaýar,köplenç üç günden köp ýaşamaýar. Guýrukly kebelege jynsy dimorfizm häsiýetlidir, ýagny erkek osoblary bilen urgaçy osoblary biri-birinden tapawutlanýar. Erkekleriň uzyn guýruklary bilen dar ganatlary bar. Murtlary bolsa uly we ýeleklidir. Bu kebelek ulaldygy saýyn agyz organy ýönekeýleşýär, kebelekler iýmitlenmeýär we öňki toplanan iýmitlerden peýdalanýarlar. Argema kelebegi aýratynlykda göze ilýän ajap reňkleri bilen tanalýar. Olaryň ganaty dürli ýaşyl, gök we sary reňkler bilen bezelen ýagdaýda bolýar.
Argema kelebege, aýratyn görme ukyby bilen tapawutlanýar.Bu kelebegiň täsin görnüşleri topar ýaşaýyş ýagdaýlary bilen tapawutlanýar. Özüni dürli görnüşde görkezmek, olara çylşyrymly tebigatda ýaşamakda artykmaçlyk döredýär.Argema kelebegi, öziniň morfologik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar
Ogulgerek ZAKIRJANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby